Habar beriş serişdeleri: Ahmadinežad Eýranyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga taýýar

Habar beriş serişdeleri: Ahmadinežad Eýranyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga taýýar

Eýranyň öňki Prezidenti Mahmud Ahmadinežad 28-nji iýunda geçjek möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygy barada beýanat berdi diýip, Asriran habarlar gullugyna salgylanýan Kun.uz habar berdi.

Mahmud Ahmadinežad Eýran Yslam Respublikasynyň altynjy Prezidenti bolup, 2005-2013-nji ýyllarda bu wezipäni eýeledi. Ýurduň Parlamentindäki tarapdarlary Ahmadinežady ýurtda iň meşhur syýasatçylaryň biri hökmünde häsiýetlendirip, ony saýlawlarda goldajakdygyny mälim etdiler.

Parlamentiň deputaty Ahmad Alirza Beýgi: Eger Mahmud Ahmadinežad Prezident saýlawlaryna gatnaşsa, ol ýeňer diýip, beýanat berdi diýlip, habarda bellenýär.

Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärler Eýranyň Synçy geňeşi- saýlawlarda Konstitusion synçy edara tarapyndan tassyklanmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystanynyň sergisi açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli Aşgabada gelen resmiler bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY HALKARA ŞAHADATNAMASYNYŇ BIRNÄÇESINE MYNASYP BOLDY
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy