Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy

Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, sebitden 19 ýurda 8 müň 633 tonna gyzylbalyk eksport edilendigini habar berdi.

Şol skeportdan 44 million 292 müň 248 dollar girdeji alynandygyny aýdan Saffet Kalýonju, 4 müň 89 tonnalyk eksportdan 28 million 479 müň 226 dollar girdeji alynandygyny, geçen ýyla garanyňda mukdar taýdan 111 göterim, gymmatlygy taýdan bolsa 56 göterim artandygyny mälim etdi.

Saffet Kalýonju sebit eksportynda Russiýa Federasiýasynyň ilkinji orundadygyny belläp: "Sebitimizden ýylyň ilkinji 4 aýynda Russiýa Federasiýasyna 28 million 856 müň 841 dollarlyk gyzylbalyk eksport edildi.Russiýadan soň 8 million 980 müň 729 dollar bilen Wýetnam, 3 million 123 müň 818 dollar bilen Ýaponiýa gelýär. Şol döwür aralygynda geçen ýylyň şolyň bir döwri bilen tapawutlylykda Müsür, Ukraina, Hytaý Halk Respublikasy, Litwa, Filippinler, Maleýziýa Ispaniýa, Keniýa, Fransiýa we Daniýa ýaly ýurtlara daşary söwda amala aşyryldy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Çempionatyň çäginde ilkinji gezek duşuşarlar: Niderlandlar Türkiýe
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
UEFA-nyň Çempionlar ligasy: ikinji tapgyryň birinji gününiň netijeleri
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Daniýada ýagyş suwy alternatiw çeşme hökmünde ulanylýar
Täze Jeýms Bond filminiň prokata çykjak wagty mälim edildi