Gyzylarbat etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanylmaga berler

Ýakynda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat geçiriler.

Geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer.Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralary bolar.

Bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy açylar
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Gyzylarbatda Pensiýa gaznasynyň edara binasy ulanylmaga berildi
Balkanly kärendeçiler: Hökümet pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýar