Gyzyl deňizde syýahatçylary daşaýan gämi batdy

Gyzyl deňizde syýahatçylary daşaýan gämi batdy

Müsüriň gündogaryndaky Gyzyl deňiziň suw giňişliginde syýahatçylary daşaýan gäminiň batmagy netijesinde dereksiz ýiten 17 adamyň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Gyzyl deňiz sebitiniň gubernatory Amr Hanefi beren ýazmaça beýanatynda, Marsa Alem şäheriniň günortasynda syýahatçylary daşaýan gäminiň batandygyny habar berdi.

Wakadan soň başladylan gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 28 adamyň halas edilendigini aýdan Amr Hanefi, dereksiz ýiten 17 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Müsüriň resmileri gäminiň düzüminde daşary ýurtly 31 syýahatçy bilen 14 adamdan ybarat ekipažyň bolandygyny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”
Müsürde otly heläkçiligi başdan geçirildi
Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Müsürde awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)