Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmleriň birnäçesi Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň kinoteatrlarynda görkezilýär. 27-nji dekabrda “Aşgabat” kinoteatrynda režissýor Hekim Alowowyň surata düşüren “Gyzyl alma” atly filmi türkmen tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirildi.
Tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan bu filmiň tapawutly tarapy eseriň terbiýeçilik ähmiýetidir. Şeýle hem onuň çeperçilik stilistikasynyň gowy bolmagydyr. Gündogar edebiýatlarynda gabat gelýän rowaýatlaryň esasynda döredilen bu eserde türkmen halkynyň sahawatlylyk we ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgeleri has içgin suratlandyrylýar.
Filmiň baş gahrymanlary Mergen bilen Almanyň tötänlikdäki duşuşmagy, olaryň başdan geçiren dürli synaglary, käbir sebäplere görä jyda düşmegi, ahyrsoňy olaryň bilelikde durmuş gurmagy ýaly gyzykly wakalary özünde jemleýän bu film türkmen halky üçin özboluşly Täze ýyl sowgady boldy.
Filmde Ahmet Amandurdyýew Mergeniň, Altyn Berdiýewa Almanyň, Söhbet Täçmämmedow Medet aganyň, Şyhmämmet Mollaýew Nazar aganyň, Yhlas Islamow Eseniň, Atajan Bekiýew Amanyň, Bayramtäç Hojamämmedowa Gerek ejäniň we Göwher Muhammetgulyýewa bolsa Göwher ejäniň keşplerini ýerine ýetirdiler.