GYSSAGLY: Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi

GYSSAGLY: Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi

Türkmenistanda näbelli ýagdaýlarda azyndan iki ofiser bilen birlikde 18 harby gullukçy öldi.Asly Lebap welaýatyndan bolan alty harby gullukçynyň jesedi 18-nji iýul gijesinde hossarlaryna gowşuryldy.Bu habar Azatlyk Radiosynyň şu wagta çenli ygtybarly maglumat berýän iki çeşmesi tarapyndan tassyklandy.

Mundan başga-da, Lebap welaýatyndaky Azatlygyň habarçysy pida bolanlaryň ikisiniň obasyna, ýagny iki oba baryp gördüler hem harby gullukçylaryň 19-njy iýulda günortan jaýlanandygyny tassykladylar.

Olardan iki harby gullukçynyň garyndaşlaryna Aşgabadyň golaýynda awtoulag heläkçiliginde ölendikleri aýdylsa-da, Azatlygyň çeşmeleri bu wersiýanyň ygtybarlydygyna şübhelenýärler, sebäbi esgerler Owganystan bilen serhetleşýän Mary welaýatyndan Lebap welaýatyna getirildi.

Iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, asly Lebap welaýatyndan bolan alty harby gullukçynyň jesedi 18-nji iýulda agşam sagat 10 töweregi Marydan Türkmenabada getirilipdir. Jesetleriň ählisi ýapyk tabytlarda bolup, Marydan “Kamaz” awtoulagynda Lebaba aşyrylypdyr. Gijäniň bir wagty, Türkmenabat şäheriniň etegindäki harby bölümleriň birinde jesetleri olaryň garyndaşlaryna eltmek üçin, harby ulaglara ýükläpdirler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýakyn bir çeşme 18-nji iýulda Ýaragly güýçleriň ýitgisiniň 18 adama ýetendigini tassyk etdi. Olardan alty adam, şol sanda iki ofiser maýor hem uly leýtenant Lebap welaýatyndan eken.

Çeşmämiz ýogalanlaryň Lebabyň haýsy sebitlerinden bolandygyny anyklamagy başardy. Harby gulluga alnanlardan dört adam Türkmenabat we Seýdi şäherlerinden, şeýle hem Farap we Çärjew etraplaryndan. Maýor Saýat etrabyndan, uly leýtenant bolsa Halaç etrabyndan (şol sebit 2017-nji ýyla çenli Garabekewül etrabyna degişlidi).

Çeşmelerimiziň maglumatyna görä, pida bolanlaryň beýlekileri esasan Mary hem Daşoguz welaýatlaryndan bolmaly.

Ölen harby gullukçylaryň jesetleri Lebapdaky hossarlaryna gowşurylanda, olaryň Aşgabat şäheriniň golaýynda bolan awtoulag heläkçiliginde ýogalandyklary, tabytlary açmaga rugsat berilmeýändigi aýdyldy. 19-njy iýulda Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatyndan bolan ýogalan harbylardan iki merhumyň jaýlanýan güni olaryň obasyna bardy. Ýerli ýaşaýjylar oňa jaýlanyş çäresine harby bölümiň we güýç ulanyjy gullugyň wekilleriniň raýat egin-eşiginde gatnaşandyklaryny hem-de tabytlary açmaga rugsat berilmedigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, pida bolanlaryň hossarlarynda we ýakynlarynda harby gullukçylaryň ölüminiň sebäpleriniň resmi düşündirilmegine şübhelenme döredi.

Esgerleriň biriniň jaýlanyş ýasyna gatnaşan bir aýal merhumyň garyndaşlaryna salgylanyp, jeset gowşurylandan soň harby işgärleriň ölümiň sebäbini uly heläkçiligiň döremegi bilen baglanyşykly aýdandygyny gürrüň berdi.Merhumyň garyndaşlarynyň sözlerine salgylanýan ol aýal ýol heläkçiliginiň 18-nji iýulda gije harby kerweniň Mary welaýatyna tarap barýarka, Aşgabadyň golaýynda bolandygyny aýdýar.

Harby kerwen 10-dan gowrak ulagdan ybarat eken.Olardan alty awtoulag heläkçilige uçrapdyr, iki awtoulag agdarylyp, 18 harby gullukçynyň ölümine sebäp bolupdyr.

Azatlygyň çeşmelerine wakanyň bu wersiýasyny anyklamak başartmady. Aşgabatdaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz harby ulaglar bilen baglanyşykly ýüze çykan uly heläkçilik baradaky maglumatlary tassyklap bilmediler. Bu barada Azatlygyň Goranmak we Içeri işler ministrlikleri bilen yzygiderli synanyşmagy hiç hili netije bermedi.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Azatlygyň çeşmeleri harby gullukçylaryň jesetleriniň Türkmenistan-Owganystan serhedini goraýan Serhetabatdan we Tagtabazar serhet postlarynyň ýerleşýän sebitinden, Lebap welaýatyna getirilendigini öňe sürýärler. Barlyşyksyz “Talyban” söweşijileriniň birnäçe sebitiň gözegçiligini ele geçirýän goňşy Owganystandaky ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly, soňky hepdelerde Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Serhetabat we Tagtabazar etraplaryna harby güýçler we harby enjamlar çekilýär.

Azatlygyň habarçylary 18 harby gullukçynyň hakykatdan hem ýol heläkçiliginiň pidasy bolandygyny ýa-da başga sebäbiň bardygyny anyklap bilmediler.

Öňräki döwürde hem ýol hadysalary türkmen goşunynyň esgerleriniň köp ölümine sebäp bolupdy. Mysal üçin, geçen ýylyň sentýabr aýynda Mary welaýatynda azyndan bäş esger ýol heläkçilikde öldi, ýöne beýleki garaşsyz neşirlere görä, şonda 11 esger ölüpdir. Soňra aşa köp ýükli awtoulagda esgerleriň pisse ýygmak üçin iberilendigi aýdylypdy.

Emma türkmen-owgan serhedinde bolan ok atyşykda köp sanly türkmen esgeriniň öldürilen wakalary hem boldy. 2018-nji ýylyň iýun aýynda Owganystanyň Badgys welaýaty bilen araçägiň Serhetabat böleginde ok atyşyklykdan 25 türkmen esgeri öldürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy?
Meredow we Zarif ekstremist toparlaryň regiona abandyrýan howpuny maslahat etdi
ABŞ Owganystanyň demirgazygynda harby operasiýalary geçirmäge taýýarlanýar’
Türkmen owgan serhedinde bolan atyşykda 25 töweregi türkmen esgeriniň ölendigi aýdylýar
Azatlygyň 25 türkmen serhetçisiniň ölümi baradaky habaryndan soň, hökümetçi saýt dessine reaksiýa görkezdi
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri