Gyssagly! Daşogzuň ýaşaýjylary çagalar baglaryndaky tölegleriň on esse gymmatlandygy sebäpli häkimligiň öňünde protest aksiýasyny gurnadylar

10-njy oktýabrda irden, Daşoguz şäher häkimliginiň öňünde iki ýüze golaý adam özakymlaýyn prostesk aksiýasyna toplandy. Ýygnanalaryň köpüsi aýallar we olaryň köpüsi çagalary bilen geldi. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, protestiçler çagalar baglaryndaky tölegleriň kesgin ýokarlanmagyndan nägilelik bildirýärler.

9-njy oktýabrda çagalar baglarynyň terbiýeçileri çagalaryny alyp gitmäge gelen ene-atalary bu gizilen täzelik bilen habarly etdiler. Bahalar 10 (!) esse ýokarlandy, ozal bir aýlyk töleg 8 manat bolan bolsa, indi ene-atalar bir çaga üçin aýda 80 manat tölemeli bolarlar.

Çagalar baglarynyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, tölegleri ýokarlandyrmak baradaky karar 5-nji oktýabrda kabul edildi. Nägile bolan enea-atalara birden tutuş bir aý üçin töleg etmän, günde 4 manatdan tölemegi, kä günler bolsa, pul tygşytlamak üçin, çagany çagalar bagyna getirmezligi teklip etdiler.

Şäher häkimliginiň öňüne toplanan maşgalalaryň köpüsinde çagalar bagyna gatnalýan ýaşdaky 3-4 çaga bar we olaryň beýle möçberdäki puly tölemäge düýpden gurplary çatjak däl.

Häkimligiň wekilleri ilaty köşeşdirmäge çalyşýarlar. Polisiýanyň narýady çagyryldy, emma häzirlikçe ýygnanan adamlar dargadylmady.

Täze girizilen töleg düzgüninden nägile bolan adamlaryň onlarçasy diňe Daşoguzda däl, ýurduň demirgazyk regionynyň beýleki etrap merkezleriniň hem käbirinde proteste toplandy.

Biz wakalaryň ösüşini yzarlarys.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Al-Aksa Metjidine Guralan Reýde Nägilelik Bildirdi
Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler
Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar
Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra
Türkmenistanly zähmet migrantlary Stambulda miting geçirdiler (wideo)