Gyşky teker şinalarynyň könelmeginiň öňüni almak boýunça maslahatlar

Gyşky teker şinalarynyň könelmeginiň öňüni almak boýunça maslahatlar

Sürüjiler şinalaryň könelişini hemişe gözegçilikde saklamaly. Sebäbi endigan bolmadyk könelme howpsuzlyga täsir edýär we goşmaça maliýe çykdajylaryna sebäp bolup biler. Bu barada autoconsulting.ua habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Nokian Tyres kompaniýasy öň we yzky şinalaryň köneliş tizliginiň tapawudyny kesgitledi.Tmcars.info çeşmä salgylanyp, olaryň köneliş tizligini haýallatmak boýunça maslahatlary size ýetirýär: - Öň we yzky şinalary wagtal-wagtal çalşyp duruň.

Iň bolmanda, her 10,000 km-den. - Birden tormoz bermekden, birden bat almakdan we ruly birden burmakdan gaça duruň. - Şinalaryňyzyň basyşynyň dogrudygyna göz ýetiriň.Gyş aýlarynda şinalary öndürijiniň maslahat bereninden 0,2 bar köp ýelläň.

Basyşy mydama şinanyň sowuk mahaly barlaň. - Şinalary günüň göni düşýän ýerlerinde saklamaň. - Şinany oturtmak üçin hünärmen bilen habarlaşanyňyzda, tekerleriňiziň ýagdaýyna baha bermegini haýyş ediň.

Ýene degişli makalalar

Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi
Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi