“Tesla” kompaniýasy şu ýyl önümçilige başlanmagyna garaşylýan kuwwatly “Cybertruck” ulagyny gyşky synag sürüşinden geçirdi.Häzirki wagtda tomus pasly dowam edýän hem bolsa, Günorta ýarym şarda gyş pasly dowam edýär. Şol sebäpli kompaniýa gyşky testleri geçirmek üçin elektrik energiýasy bilen işleýän pikap ulagyny Täze Zelandiýa iberdi.
Bu ulagyň uly islegden peýdalanmagyna garaşylýar.Entek önümçilige başlanmadyk hem bolsa ulagdan eýýäm, 1,5 milliony sargyt edilipdir.Ulagy satyn almak isleýänler ony öňünden sargyt etmeli bolýarlar.
Ulagyň ilkinjileriniň sentýabr aýynda müşderilere ýetirilip başlanmagyna garaşylýar.
“Tesla Cybertruck” bu synagy howa menzilinde geçirildi. Ulag Tehasdaky “Gigafactory” zawodynda öndüriler. “Tesla”-nyň Alýaskada synag meýdançasy bar. Emma demirgazyk ýaryn şarda tomus pasly dowam edýändigi üçin Täze Zelandiýa äkidilipdir.
Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň dört tigri hem bir wagtda aýlanýandygy sebäpli gyş şertlerinde ulanmaga amatly boljakdygy bellenilýär.
Süleýman Janmädow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.