Fransiýada otly bilen 2,5 sagatdan az wagtda baryp boljak aralyklara uçar gatnawlary gadagan edildi.Agzalýan çäklendirme 3 ýyl güýjüni saklar. Ýurduň ulag ministri Klement Bon bu kararyň ýyladyşhana gazyň howa goýberilişini azaltmaga ýardam etjekdigini belledi.
Ministr bu kararyň netijesinde Nant, Bordo, Lion we Pariž şäherleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň ýatyrylandygyny belledi.Ulag ministri bu başlangyjyň dünýäde birinjidigine üns çekip munuň hökümetiň has az ýyladyşhana gazyny goýberýän gatnaw görnüşlerini höweslendirmek syýasaty bilen gabat gelýändigini nygtady.