Gyşda gül açýan ösümlikler

Her paslyň özüne mahsus gözelligi bolýar.Baharda tebigat janlanyp, dürli ösümlikler gül açýan bolsa, gyşyna akja gar ýagyp, ondan gar adam ýasap, buzda typyp we gar zyňşyp oýnamagyň aýratyn lezzeti bar.

Käbir ösümlikler diňe ýazda gülleýän bolsa, olaryň birnäçesi amatly şertler döredilende, islendik pasylda hem gülleýärler. Şeýle hem käbir güller diňe gyşyna gül açýar.Gyş paslynda gül açýan käbir ösümlikler barada size gysagaça maglumat bermegi makul bildik.Gipsofila: Uzyn baldakly, ýakymly ysly gülgün we ak reňkli gül açýar.

Adatça, bakja ekilýän bu ösümligi öý şertlerinde hem ýetişdirip bolýar.Ideg etmegio diýen kyn bolmadyk gül arassa howaly güneş düşýän otagda has gowy boý alýar.Gomfrena gulista: Oňa Medine güli hem diýilýär.

Onuň gülleri düwmä meňzeýär. Ýaldyrawuk mämişi gül açýan ösümligiň boýy 35 sm-e çenli bolýar. Şeýle hem onuň ak, gülgün we narynç reňkli gül açýan görnüşleri hem bar.Bu owadan gül üçin güneşiň azda-kände bolmagy ýeterlikdir.Helleborus: bakjada ekilýän bu gül dekabr aýynda gül açyp başlaýar.

Onuň boýy 50-70 santimetre çenli bolup, gülüniň uzynlygy 5-7 santimetre ýetýär.Açyk sary, ak, ýaşyl, gyzyl we mämişi reňkli gülleri iýul aýyna çenli açylýar.Aşa köp gar ýa-da ýagyş ýagsa, ýapraklary garalýar.Ak jasmin: jasmin yssy ýurtlara mahsus hem bolsa, güneşli ýere ekilende, sowuk ýerlerde hem ýetişýär.

Gül açýan döwri köp wagtlap dowam edýär.Adatça jasmin ýaz paslyndan güýz aýlaryna çenli gül açýar.Gülgün reňkleri gunçalary açylan wagty agarýar.Bu ösümligiň örän hoşboý ysy bolýar. Çygly howany halaýan jasminiň gyşda solmazlygy üçin her günde azyndan 4 sagat güneşli howa bolmaly.Nerkes: bu güle gyşyň buşlukçysy hem diýilýär.

Awgust-noýabr aýlarynda ekilýän gül gyş paslynyň dowamynda hoşboý ysyny saçýar.Ol halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylýar.Organik maddalara baý, çygly we çägesöw topragy halaýar.Onuň idegi hem o diýen kyn bolman, hepdede bir gezek suwarmak ýeterlik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
20.08.2017 | Haýwanat dünýäsini goraýjylaryň hereketine goldaw berýän haýwanlara kömek berýän merkez döredildi
15.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Berdimuhamedow öýsüz haýwanlar üçin hassahana we gonalga gurmagy teklip etdi
15.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady