Nebit-gaz toplumynyň medeni-iweşürlik merkezinde garaşylan Täze ýyl konserti boldy.Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri aşgabatlylara Ernst Gofmanyň Gysaç we Syçanlar şasy ertekisiniň äheňinde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň sazyna adybir baletiň gahrymany Gysaç bilen duşuşygy sowgat etdi. Çagalar!
Gürrüň berjegim erteki däl-de, ir döwürde, heniz jady diýlen zada ynanylýan çaga wagtym, olar, bilip goýuň, käte amalam bolaýýandyr, meniň başdan geçiren üýtgeşik wakalarym - diýip Art-teatryň aktrisasi, hekaýaçynyň we ertekiniň baş gahrymany Maşanyň keşbini döreden Anuş Potarak sahnadan tomaşaçylara ýüzlendi. -Täze ýylyň öňüsyrasy doktor Ştalbaumyň owadan öýüne myhmanlar gelip ugrady diýip Maşa sözüni dowam etdi, - doganym Mişa ikimiz bizi çokundyran atanyň gelerine sabyrdyzlyk bilen garaşýardyk.
Ol iň soňunda geldi-de, maňa üýtgeşik bir oýunjak agzy ullakan, gözleri mähirli, ýöne gussaly esgerjigiň heýkelini sowgat berdi. -Bu oýunjagyň bigörkligini, hany, gysaç, hoz çak-da diýip doganym onuň agzyna hoz saldy.
Gysajyň iki dişi döwüldi.Oýunjaga nebsim agyryp, ony kitap tekjesinde goýdum.Gije üýtgeşik düýş gördüm.Arça ulalyp äpet bolýarmyş, otagyň diwarlary süýşýär, arçadaky oýnawaçlaryň ählisijne jan giripdir. Şol wagt çar ýandan Syçanlar şasynyň baştutanlygynda syçanlar leşgeri arça hüjüm edýärler.
Gorkan oýnawaçlaryň çirkin sesi gelýär.Birdenkä, kitap tekjesindäki batyrgaý Gysaç peýda bolýar-da, arçadaky galaýy esgerjiklere: Hüjüme! -diýip buýruk berýär.Darkaş gurulýar...Syçanlar şasynyň başy alynýar, onuň goşuny kül-peýekun edilýär, jadylanan Gysaç bolsa görmegeý şazada öwrülýär... Şazada Maşanyň ýanyna baryp, oňa öz köşgüniň melikesi bolmagy teklip edýär.
Soňra baýramçylyk baly başlanýar, ol tomaşaçylary geň-enaýy syýahatlar ummanyna atardy.Daňatar Öwezow adyndaky Sazçylyk orta hünär mekdebiniň horeografiýa bölüminiň talyplary çeýe keşpleri döretdiler.Konsertde jadygöý zenan Nogulyň, şeýle hem ispan, hytaý, rus tanslary hem-de gülleriň walsy görkezildi.
Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary birneme Täze ýyl, biraz çagalara niýetlenen hemem aşa täsirli ertekini şirin owazly sazlar bilen bezediler.Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň genial eseri nepis we çeper saz öwrümleri ulanylyp, ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Tomaşaçylar konserte gatnaşan artistleri şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. -Bu ýere gelenleriň ählisine gowy zatlary, mähir we şähdaçyklyk arzuw edýärin! 2019-njy ýyl sazly çykyşlara baý boldy, 2020-nji ýyl ondanam täsirli bolar diýip umyt edýärin!
Hemmaňizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn!diýip, saz agşamynyň baş jadygöýi Resul Gylyjow tomaşaçylara ýüzlenip aýtdy.Sahnanyň aňyrsynda, töweregini gallap duran žurnalistlere ýüzlenip, dirižýor Gysajyň orkestriň repertuarynda uzak wagt orun tutmagyny isleýändigini aýtdy.