Gyşa bagyşlap, Paganininiň Kaprisi we jaz sazlary, şeýle hem Çaýkowskiniň we Rahmaninowyň eserleri ýerine ýetirildi

Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Rus gyşy konsertiniň premýerasy boldy, sazlary Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri we Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirdiler.Orkestriň sazandalary Pýotr Çaýkowskiniň 1-nji simfoniýasynyň joşgunly saz frazalary bilen rus gyşynyň şahyranalygyny şirin owazlarda beýan etdiler.

Tanymal russiýaly mesenat Nadežda fon Mekkiň ençeme ýyllap kompozitora maliýe kömegini bermegi netijesinde ol bar ünsüni diňe döredijilige jemläpdir.Artist Anuş Potorak Pýotr Çaýkowskiniň terjimehalynyň Nadežda fon Mekke bagyşlanan babyny labyzly okady. Çaýkowskiý hem, öz gezeginde, hoşamaý we sahawatly Nadežda niýet edýän eserleri, gezen ýerleridir gatrollardan galan täsirler barada gürrüň beripdir, oňa maslahat salypdyr, olar diňe bir aýdym-saz hakda däl, eýsem din we filosofiýa barada-da pikir alşypdyrlar.

Anuş olaryň alşan hatlaryny müňden gowragyndan birini okady, ol saz agşamyna sazlaşykly utgaşyp gitdi. ...Ussadyň dirižýor taýajygy howany böwsüp herekete gelenden tomaşaçylaryň ünsi ak garly gözel Gyş paslynyň mekanyna rowana boldy.

Pýotr Çaýkowskiniň Peterburg konserwatoriýasyny tamamlandan soň ýazan 1-nji simfoniýasy bir-birinden saýry birnäçe bölümden ybaratdyr.Ol gar basan uç-gyraksyz düzlere syýahatdan galan täsirlerden dörän Gyşa bagyşlanma bilen açylýar, kanitel skripka frazalary seni diňe garjagazlaryň mymyk şyggyldysy bozýan şaňlap duran aýazly ümsümlige atarýar. Üflenip çalynýan we kirişli saz gurallarynyň sazlaşykly owazy seni meýmiredýär.

Juw-ak gözellige syn etmek höwesiniň ornuna gussaly pursatlar gelýär, goboýyň, fleýtanyň, fagoryň jilweli sesi ýaňlanýar.Aldajy sowuk bolsa-da, Russiýa gyşy şadyýan baýramlary geçirmäge päsgel berip bilmeýär, eseriň finalynda sazyň depgini ýene üýtgeýär şadyýan-gussaly kontrast sesler, halk aýdymlarynyň äheňi we näzijek jaňjagazlaryň sesi gelýär...

Konsertiň ikinji bölüminde Türkmenistanyň simfoniki orkestri ilkinji gezek Sergeý Rahmaninowyň Paganininiň temasyna rapsodiýasyny ýerine ýetirdi.Orkestrimiz nusgawy sazlar bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.Sergeý Rahmaninowyň Paganininiň temasyna rapsodiýasy taýýarlykly diňleýjä niýetlenen öte çylşyrymly eser bolsa-da, biz ony biraz ýeňletmek üçin elde baryny etdik -diýip dirižýor Resul Gylyjow gürrüň berdi.

Ine, uzak garaşdyran pursadam gelip ýetdi.Sahnada -- orkestriň sazandalary, roýalyň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, dirižýor pultunyň başynda Resul Gylyjow.Dirižýor taýajygyny galgandan çeper saz allýuziýalary ýaňlanyp ugrady...

Nepis fortepiano passažlary we ussat sazanda Mkrtumowyň intonasiýlara baý sazandarlyk tilsimi diňleýjileri berk ritmleridir frazalaryň şahyrana göwrümliligi bilen utgaşygy nygtap, eýýamlar ummanyna atardy.Kompozitor wariasiýlar görnüşinde ýazan eseriniň temasy hökmünde Nikkolo Paganininiň belli Skripka üçn 24-nji kaprisini saýlap, italýan kompozitorynyň we ussat skripkaçysynyň saz genisine garaýşyny beýan edipdir.

Rapsodiýanyň labyzly gurluşy romantizm eýýamynyň we jaz elementleri bolan täze döwrüň akymlarynyň sazdaky sintezine daýanýar.Nikkolo Paganininiň eseri Rahmaninowa şeýle bir güýçli täsir edipdir welin, ol şol bir temany birnäçe wariasiýalarda açyp görkezýär.

Eser filosofiki oýlanmalara we üýtgeşik ýerine ýetirijik estetikasynda jemlenen garşylykly duýgylara ýugrulandyr.Diňleýjiler genial rus kompozitorlarynyň ajaýyp eserleriniň ikisini ýerine ýetiren türkmen sazandalarynyň zehinine şowhunly el çarpmalar bilen mynasyp baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri konsertleriniň täze möwsümine girişdi
Söýgi hakda...: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglady
Türkmen we rus alymlary Türkmenistanda gadymy astronomik möhür tapdylar
Gadymy Margiananyň syrlary: Gadymy Goňurdepäniň gözel jenany
Heňňamlardan galan yzlar