Gyş paslynda iýmeli miweler

Gyş paslyny sagdyn geçirmek we immuniteti güýçlendirmek üçin iýmit sanawyna miweleri goşmaly. Esasan hem, howanyň sowuk günlerinde käbir miwäni iýmegi ýola goýmaly. Miwelerdäki witaminler we ýokumly maddalar saglygyňy berkidýär hem-de bedeniň kesele garşy durujylyk ukybyny güýçlendirýär.

Ananas. Immuniteti güýçlendirýän C witaminiň çeşmesi bolan ananas iýmit siňdirişe peýdaly bolmak bilen bir hatarda, çişme howpuny azaldýar. Düzüminde bromelain fermentini saklaýan bu miwe süňkleri zerur bolan marganes bilen üpjün edýär.

Alma. Günbatarda Her gün bir alma iýmek lukmany uzaklaşdyrýar diýen aýtgy bar. Bu miwe düzüminde köp mukdarda pektin we kwersetin (antioksidant) saklaýar. Alma immuniteti güýçlendirýär we bedeni birnäçe kesellerden goraýar. Almany gabygy bilen bilelikde iýmek has peýdalydyr.

Kiwi. C witaminiň çeşmesi bolan bu miwe immuniteti güýçlendirýär. Kiwi beden üçin gündelik zerur bolan C witaminiň 80 göterimini üpjün edýär. Süýüme, kaliý we K witamine baý bolan bu miwe bedeni sowuklamalardan goraýar. Şol sebäpli howanyň sowuk günlerinde kiwini köpräk iýmeli.

Banan. Islendik möwsümde elýeterli bolan bu miwe kaliniň çeşmesidir. Banan ýürek we myşsalaryň işleýşini goldamakdan başlap, bedende täze öýjükleriň emele gelmegine ýardam edýär. Düzüminde B6 witaminini we elektrolitleri saklaýan bu miwe bedeniň suw deňagramlylygyny kadalaşdyrýar.

Apelsin. C witamine baý miweleriň biri bolan apelsin immuniteti güýçlendirmek bilen bir hatarda, iýmit siňdiriji agzalaryň işini ýeňilleşdirýär. Düzüminde foliý turşusy, kaliý we kalsiý saklaýan narynç miwe içegeler üçin zerur bolan süýümiň çeşmesi hasaplanýar. Her gün bir bulgur apelsiniň sykylan şiresini içmek bedeniň kesele garşy durujylyk ukybyny güýçlendirýär.

Nar. Güýçli antioksidant çeşmesi bolan gyzyl däneli miwe bedeni erkin radikallardan gorap, kesele garşy durujylyk ukybyny güýçlendirýär. Naryň sykylan şiresi iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär we çişme howpuny azaldýar. Şeýle hem bogun agyrylarynyň öňüni alýar.

Armyt. Düzüminde C witaminini, kaliý, mis we magniý saklaýan bu miwe gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýar. Armyt süýjüli diabeti bar bolanlara iýilmegi maslahat berilýän miweleriň biridir. Süýüme baý bu miwe iýmit siňdirişe we deriniň ýaş görünmegine peýdaly hasaplanýar.

Limon. Gyşyň miwesi hasaplanýan limon güýzüň soňuna ýetişýär. Düzüminde C witamini saklaýan bu miwe antioksidantyň baý çeşmesi hasaplanýar. Limon immuniteti güýçlendirmekden başlap, deri we göz üçin peýdalydyr. Turşumtyk tagamly bu miwe bedeniň alyş-çalşygyny çaltlaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Sowukdan Jaýrylan Ellere Tebigy Bejergi Usullary”
Banan ýetişdirmegi ele alan halaçly bagban indi kiwiniň ugrunda
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler
Insulin garşlygy bilen göreş
Aşgabadyň dükanlary ýumurtga söwdasyna birden başlaýarlar, banany çüýrük üzüm bilen goşup satýarlar