Gyş paslynda iýilmeli miwe

Beýi (behi) adam saglygy üçin örän peýdaly miweleriň biridir.Witaminleriň jemlenen ýeri hasaplanýan bu miwäniň iýmit siňdiriş agzalaryndan başlap, ýürek-damar ulgamyna çenli birnäçe peýdasy bar.Güýz paslynda ýetişýän we ýaz paslyna çenli zaýalanman saklanýan bu miweden terligine iýmek bilen bir hatarda, şerbet, mürepbe, marmelad taýýarlap bolýar.

Beýi gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän miweleriň biridir.Agajyň ýapragy, miwesi we çigidi derde derman hasaplanýan bu miwe gyş paslynda iýmeli miweleriň biridir.Beýiniň düzüminde erkin radikallara garşy göreşýän güýçli antioksidantlar bar.

Bu antioksidantlar öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alyp, dowamly kesellerden goraýar.Almalar maşgalasyna degişli bu miwe wagtyndan öň garramagy gijikdirýär, şeýle hem deriniň çeýe hem ýaş görünmegini üpjün edýär. Çişme howpuny azaldyp, bedeniň alyş-çalyş işini goldaýar.

Beýi ýürek ýetmezçiliginiň hem dermany hasaplanýar.Daşy tüýjümek miwede saklanýan süýüm aşgazanyň işini ýeňilleşdirip, iýmit siňdiriş ulgamynda döreýän dürli bozulmalaryň öňüni alýar.Hünärmenler aşgazan-içege ulgamyndan ejir çekýänlere beýi iýmegi maslahat berýärler.

Beýiniň köşeşdiriji täsiriniň bardygy sebäpli, çagalaryň we göwreli zenanlaryň iýmeli miweleriniň biri hasaplanýar.Beýi holesteriniň derejesini peseldip, gan basyşyny kadalaşdyrmak arkaly ýürek saglygyny goraýar.Bu miwe gipertoniýanyň öňüni alyp, ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar.

Beýini yzygiderli iýmek damarlardaky gan aýlanyşy gowulandyryp, ýürek bilen bagly çynlakaý ýagdaýlaryň öňüni alýar.Beýi antibakterial häsiýetli komponentleri öz içine alýar.Geçirilen barlaglarda beýiniň zyýanly bakteriýalaryň ösüşini togtadýandygy we aşgazan ýarasyna sebäp bolýan bakteriýalara garşy göreşýändigi ýüze çykaryldy.

Bulardan başga-da, beýidäki C witamini sowuklama we beýleki ýokançlyklara garşy immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär.Irki döwürlerde beýiniň çigidi we ýapraklary ýaralary bejermekde ulanylypdyr. Şu günki günde hem beýhi melhemleri lukmançylykda deriniň täzelenmegini çaltlandyrmak, ýanyk yzlaryny aýyrmak we ýaralaryň wagtynda bitmegi üçin peýdalanylýar. Çalaja turşumtyk tagamly bu miwe demgysmanyň öňüni alýar.

Beýiden taýýarlanan melhemler burunda döreýän gijilewügi, saçyň dökülmegi ýaly alamatlary azaltmaga ýardam edýär. /* custom css */ .td_uid_15_6752e9c0bc864_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e9c0bc864_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi
Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy
Jana şypaly miwe
Kim, haçan oýlap tapdy?
Gazagystanda Möhletinden Irki Prezident Saýlawlary Geçirilýär
Sanly bilim ulgamy ösdürilýär