Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar

Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar

Lebap welaýatynyň administratiw merkezindäki döwlet edara-kärhanalary, gyş möwsüminiň ilkinji günlerinde, Awaza dynç alyş zolagyndaky myhmanhanalara ýollanma satyn almak üçin, öz işgärlerinden 50-60 manat aralygynda pul toplaýar.

“Býujet işgärleri gyş paslynda Awazadaky myhmanhanalara ýollanma satyn alynmagyna goşant goşmaga mejbur edilýärler. Edara-kärhanalarda her bir işgärden 50-60 manat aralygynda pul toplanýar. Ýöne işgärler gyş paslynda Awaza gidip, dynç almaga isleg bildirmeýär” diýip, türkmenabatly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şäher häkimligi edara-kärhanalardan, göwrümine görä, iki ýa-da dört sany ýollanma satyn almagy talap edýär. Öz gezeginde, edara-kärhanalar özlerine salnan “ýollanma salgydynyň” tölegini işgärlerden toplaýar.

Dynç alyş möwsüminde sebitlerdäki býujet işgärleri Awazada öz welaýatlarynyň adyny göterýän myhmanhanalara ýollanýarlar.

“Lebap welaýatyndan barýan işgärler 'Lebap' myhmanhanasyna, Daşoguz welaýatyndan bolan işgärler 'Daşoguz' myhmanhanasyna iberilýär” diýip, bir býujet işgäri gürrüň berýär.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynda tomus aýlarynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär. Kurort şäherinde Türkmenistandaky her bir welaýatyň adyny göterýän myhmanhanalar bar.

Türkmenabadyň edara-kärhanalary özleriniň üstüne ýüklenen ýollanmalaryň puluny häkimlige geçirýärler.

“Ýollanmalaryň puly şäher häkimligine eltilip tabşyrylýar we häkimlikde ýollanmalaryň ýörite hasaby ýöredilýär. Satyn alnan petekleriň ulanylýandygy ýa-da däldigi hiç kimi gyzyklandyrmaýar” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Türkmenistanda döwlet pudagy ilata iş hödürleýän esasy ulgam bolup, dürli çeşmelere görä, ýurtdaky iş mümkinçilikleriniň agramly bölegi döwlet edara-kärhanalary tarapyndan üpjün edilýär. Bvujet edaralary öz işgärlerinden pul toplamakda tanalýar. Iş ýerlerinde prezidentiň portretlerini çalyşmak, şygarlary çalyşmak ýaly talaplara esaslanylyp, işgärlerden yzygiderli pul toplanýar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagy ýangyç serişdeleriniň girdejilerine garaşly ýurduň ykdysady pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň biri hökmünde halkara meşhurlyk gazanypdy. Ýöne ýapyk ýurduň wiza çäklendirmeleri we üzňelik syýasaty milliardlarça dollar möçberinde maliýe serişdeleri sarp edilip, bina edilen syýahatçylyk zolagyny daşary ýurtly syýahatçylardan mahrum goýdy.

Syýahatçylyk merkezleri we şypahanalar dynç alyş möwsüminde içerki myhmanlaryň wagtlaýyn mesgenine öwrülýär. Tomus aýlarynda sebitlerden we paýtagt Aşgabatdan Türkmenbaşy ugry boýunça transport gatnawlary artdyrylýar. Muňa garamazdan, gyzgalaňly möwsümde sebitleriň ýaşaýjylary Awaza syýahatçylyk zolagyna aşmakda transport bökdençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Sebitlerden bolan býujet işgärleri özlerine berlen ýollanmalaryň dynç alyş möwsüminde myhmanhanalaryň ýokary amatlyklaryny öz içine almaýandygyny aýdýarlar.

Tomus paslynda döwlet edara-kärhanalarynyň ýollanmalary bilen milli syýahatçylyk zolagyna barýan býujet işgärleri myhmanlara hödürlenýän naharyň, iýgi-içginiň hilinden şikaýat edýärler.

“Hazaryň kenaryna dynç almaga baranyňda, gowy iýmitlenjek bolsaň, ýollanmanyň pulundan daşary, goşmaça çykdajy etmeli bolýar” diýip, geçen tomus syýahatçylyk zolagynda dynç alan bir býujet işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Ençeme işgärler häzirki wagtda ýollanmalar boýunça toplanýan pullar bilen Awazanyň maliýe borçnamalarynyň berjaý edilýändigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenabatda býujet işgärlerinden Awazanyň ýollanmalary boýunça pul toplanylmagy barada şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tomus paslynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň amatly dynç alyş mümkinçilikleri barada habar berýär, ýöne gyş paslynda býujet işgärlerinden Awazanyň ýollanmalary üçin toplanýan pullary agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyly bellemegi çäklendirýän häkimiýetler baýramçylyk üçin býujetçilerden we telekeçilerden pul ýygnaýar
Býujet işgärlerinden "çürtüm we otag" üçin pul ýygnalýar, garşylyk bildiren işgärlere basyş görkezilýär
Aşgabatda býujet işgärlerinden we talyplardan mejbury saglyk barlagy üçin pul toplanýar
Türkmenistanda söýgüliler güni şu ýyl çäklendirme astynda geçýär
Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar
Türkmenbaşyda VPN-den peýdalanan hojalyklaryň Internet üpjünçiligi kesildi