Gyş ertekisi

Gyş ertekisi

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde Türkmen döwlet Gurjak teatrynda Täze ýyl baýramyna bagyşlap, Gyş ertekisi atly dabara geçirdi.Dabara gatnaşan çagalar Täze ýyly, Aýaz babany, ajaýyp Täze ýyl arçasyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de çagalar Täze ýyl arçasynyň daşynda el tutuşyp aýlanyp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdylar.

Kitaphananyň hünärmenleri çagalara birnäçe ertekileri okap berdiler, erteki gahrymanlary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de Gyş ertekisi ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Dabara gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýapon gurjaklarynyň sergisi
Arzuwyny wysal eden: el hünäriniň gudraty
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylara gyzykly täze ýyl ertekisini sowgat etdi