GYŞ BARADAKY SÖZLER

Aňzak: şatlama sowuk, gurak aýaz, şemally aýaz.

Aýaz: gury sowuk, şatlama aňzak, kesip barýan çapgyn sowuk.

Aýazlatmak: aýazlap durar ýaly sowuk ýerde goýmak.

Boragan: garly, ýagyşly, jöwenekli, çapgynly sowuk, harasat.

Burjy: gyşyň sowuk aýlarynda agaçlaryň, ösümlikleriň üstünde emele gelýän gar görnüşli buz.

Çakyr aýaz: gury ýiti aýaz, içiňden-bagryňdan geçip barýan sowuk.

Çapgyn: içiňden geçip barýan ýelli, örän güýçli, şemally, kesip barýan sowuk.

Çigrek: ertir-agşam we gijesine düşýän ýeňiljek sowuk, çalaja aýaz.

Çille: gyş paslynyň iň sowuk günleri, gyşyň örküji.

Çyplak: sowuk howada ýeňil geýnen, egni ýuka geýimli, çyplaň.

Doňak: sowuk sebäpli doňup galan, doň.

Gara gyş: gyşyň aňzakly sowuk wagty.

Gaý: ygally, ýagynly, güýçli sowuk ýel, harasat, apy-tupan.

Gyraw: ir ertiriň ümürliräk sowuk howasynda ýeriň, otuň, çöp-çalamlaryň üstüne düşüp, ýukajyk ak örtük emele getirýän gar tozgajyklary görnüşindäki ygal.

Gyş: güýzüň yzýany başlanýan we ýazyň gelmegi bilen tamamlanýan iň soňky pasyl.

Hazan: hijri-kamary ýyl hasaby boýunça akrabyň öň ýany, güýz paslynyň ýapraklar dökülip, ekinleri sowuk urýan döwri.

Hazan urmak: akrabyň öň ýanynda sowuk urmak.

Ýene degişli makalalar

Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Tebigat döredijiligiň ylham çeşmesi
“Terrorçylaryň Hinlerini Derbi-Dagyn Edýäris”
Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar
Ýere 2022-nji ýylyň iň uly asteroidi golaýlaşýar
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi