Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigine 90 ýyl doldy, edebiýatçylary bu sene bilen ýurduň Hökümet başlygy Akylbek Žaparow gutlady.

Ol ýazyjylaryň ösüp gelýän nesilleri terbiýelemekdäki hyzmatyna ýokary baha berip, her bir öýde çagalar üçin azyndan 30 sany kitabyň bolmagynyň oňat boljakdygyny nygtady. Döwlet öz nobatynda munuň üçin elde baryny edýär, bu ýyl býujetden kitaplaryň neşir edilmegi üçin 25 million som bölnüp berildi.

Biziň eserlerimiziň mümkin boldugyça tiz elektron görnüşe geçirilmegi möhümdir. Bu okyjylaryň sanyny artdyrar. Biz eýýäm super-kompýuter satyn alyp, ony sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak üçin döwlet dili boýunça geňeşe berdik. Häzir ýene dördüsini satyn almak üçin gepleşikleri geçirýäris. Men siziň tehnikany milli edebiýatymyzyň ösmegi üçin peýdalanjakdygyňyza ynanýaryn diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow nygtady.

Döwlet şeýle hem iň oňat eserler üçin edebiýat baýraklarynyň sanyny artdyrmakçy. Olaryň bir bölegini Žaparow Ýazyjylar birleşiginiň ýubileýine bagyşlanan dabarada gowşurdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
TÜRKMENISTANYŇ BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASYNA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR
KITAP-GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA
Rasizada Hüseýin Jawid