Gyrgyzystanyň syýahatçylyk zolagy Çolpon-Ata şäherinde ertir geçiriljek "Orta Aziýa döwletleriniň Döwlet baştutanlarynyň 4-nji geňeşmeler maslahatyna" gatnaşmak maksady bilen şähere baran sebitiň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen duşuşyk geçirdiler.
Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanatda, Japarowyň Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew bilen birlikde, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdini, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Wladimir Norow we Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredowy kabul edendigi habar berildi.
Daşary işler ministrleri, Orta Aziýa döwletleriniň Döwlet baştutanlarynyň 4-nji geňeşmeler maslahatynyň esasy böleginiň taýarlyklarynyň şu gün tamamlanjakdygyny we maslahat üçin ençeme ylalaşyk resminamasynyň taýarlanandygyny mälim etdiler.
Japarow çykyşynda Orta Aziýa ýurtlary tarapyndan sebitleýin dialog üçin saýlanan ýoluň, sebitiň abadançylygynyň we halklaryň abadançylygynyň üpjün edilmeginde esasy faktor hökmünde hyzmat etjekdigine bolan ynamynyň uludygyny beýan etdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça ýagdaýda ýurtlaryň arasynda baý sebitleýin gün tertibiniň bardygyny aýdan Japarow, sebitleýin hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň we giňeldilmeginiň hem bütewi ýagdaýda sebitiň hem-de Orta Aziýanyň her bir ýurdunyň galkynyşynda esasy rol oýnajakdygyny habar berdi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow sebitleýin integrasiýa meseleleri bilen baglanşykly: "Gyrgyz tarapy ikitaraplaýyn häsýetdäki söwda kuwwadyny artdyrmagy, gönüden daşary ýurt maýa goýumlary çekmegi, hyzmatdaşlygy we biri-biriniň üstüni ýetirmek wezipesine ähmiýet berýär, bäsdeşligi däl" diýip mälim etdi.