Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda 10 topar ýaryşar

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda 10 topar ýaryşar

Şu ýyldan başlap, Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasyndaky toparlaryň sany 10-a çykar. Bu barada Sport.kg habar berdi.

Umuman, täze möwsümde Neftçi, Abdyş-Ata, Alaý, Kaganat, Alga, Dordoý, Ilbirs, Kara-Balta toparlaryndan başga-da, çempionata täze wekilleriň ikisi Talant bilen Nur-Batken goşular.

Geçen ýyl Dordoýyň çempionlygy bilen tamamlanan möwsümde 8 toparyň ýaryşandygyny ýatladýarys. Gyrgyz çempionatynyň şu möwsüminde Abdyş-Atanyň derwezesini türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow gorar.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadow "Alaý" topary bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanly hüjümçi Gyrgyzystanyň çempionatynda bir duşuşygyň iň gowy futbolçysy saýlanyldy
Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
Myrat Ýagşyýew Neftçiniň 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi
Rahat Japarowyň topary wagtyndan öň Gyrgyzystanyň çempiony boldy
Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna gyrgyz janköýerleri hem üns berer