Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi

Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi

Gyrgyzystanyň Parlamentiniň deputatlary birinji okalyşda ýurduň baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasyny kabul etdiler diýip, Belta.by habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary hakynda Kanuna üýtgetmeler girizmek barada Kanun taslamasyny kabul etmek üçin deputatlaryň 66-sy ses berdi, 8 halk wekili garşy çykdy.

Täze kanun taslamasynda döwlet baýdagyndaky şekillere üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär, şol sanda baýdakda şekillendirilen tolkun görnüşli Gün şöhlelerini göni şekillendirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Waşingtony çabga gark etdi
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy