Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň gowy derwezeçisi Ahalyň düzümine goşuldy

Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň gowy derwezeçisi Ahalyň düzümine goşuldy

Ahal Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň 2022-nji ýyldaky iň gowy derwezeçisi bilen düzümini güýçlendirdi. 27 ýaşly futbolçy indi öz toparyna AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsüminde kömek bermäge çalşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Rahat Japarow şu ýylyň fewral aýynda şertnamanyň möhletiniň dolandygy sebäpli, Abdyş-Ata gyrgyz topary bilen hoşlaşypdy. Ol bu topar bilen Gyrgyzystanyň çempiony hem-de ýurduň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Şeýle-de, ol Abdyş-Atadaky görkezen oýunlary üçin 2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edilipdi.

Transfermarkt saýty Rahat Japarowyň transfer bahasyny 200 müň ýewro möçberde kesgitleýär.

Maglumat üçin, Rahat Japarow 2021-nji ýylda Täjigistanyň çempionatynda hem iň gowy derwezeçi bolupdy. Ol 2019-njy ýyldan bäri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag futbol topary Rumyniýadaky türgenleşiklerini üstünlikli tamamlady
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda Pemberton usuly arkaly ilkinji hirurgiki operasiýa geçirildi, Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, Türkmen milli dünýä dilleri instituty Magtymguly dünýäsi atly ykjam programmany işe girizdi we beýleki habarlar