Gyrgyzystanly artistler halkara festiwalda Magtymguly Pyragy atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Gyrgyzystanly artistler halkara festiwalda Magtymguly Pyragy atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly-drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda dowam edýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň çäklerinde rkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda Magtymguly Pyragy atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanly režissýor Umrathan Meläýewanyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Magtymguly Pyragy spektakly türkmen halkynyň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk söýgüsi barada gürrüň berýär.

Spektaklda şol döwrüň deň bolmadyk durmuşynda ýaşan ýaşlaryň söýgüsine päsgel beren gapma-garşylyk we adalatsyzlyk, şeýle hem türkmen halkynyň zehinli oglunyň eziz halkyna we ene topragyna bolan çäksiz söýgüsi we watançylyk duýgusy çuňňur beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

ÄLEM NURY SAHNADA
Durna umydy atly spektakl sahnalaşdyryldy
DURNA UMYDY SAHNADA
ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA
Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmen döwlet gurjak teatrynda täze eser sahnalaşdyryldy