Gyrgyzystandaky suw süýşgünlerinde bäş adam heläk boldy

Gyrgyzystandaky suw süýşgünlerinde bäş adam heläk boldy

Gyrgyzystanyň günortasyndaky suw süýşgünlerinde bäş adam gurban boldy. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.

Tebigy betbagtçylyk Oş oblastynyň Nookat etrabyna aralaşdy, ol ýerde güýçli ygal sebäpli dörän sil joşmasy iki köprini we elektrik sütünlerini ýykdy, 15 hususy howlyny gark etdi.

Suw süýşgünleri ýedi adamy äkitdi, olaryň bäşisi heläk boldy, ikisi gözlenilýär.

Abşyr-Ata dynç alyş zolagynda ýollaryň birini suwuň hatardan çykarmagy sebäpli 1,3 müň adam daşky dünýäden üzňe galdy.

Ýagdaý bilen baglylykda, Nookat etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi
Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy