Gyrgyz Respublikasynda kesgitli wagt çäklerinde raýatlaryň rahatlygyny we dynç almagyny üpjün etmek üçin gohuň derejesini sazlaşdyrýan Ümsümlik hakynda Kanun kabul edildi. Kanuna ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi diýip, Daryo.uz habar berdi.
Kanun ilatyň saglygyny kadadan geçýän ses basyşynyň we goh-galmagalyň ýaramaz täsirinden goramak maksady bilen kabul edildi. Onda iş günleri sagat 22:00-dan 07:00-ä, dynç we baýramçylyk günleri sagat 22:00-dan 09:00-a çenli ümsümligiň berjaý edilmeli wagt çäkleri hökmünde kesgitlendi.
Resminamada şeýle-de raýatlaryň rahatlygynyň goralmagynyň üpjün edilmeli territorial çäkleri kesgitlendi. Olaryň hatarynda ýaşaýyş öýleri, ulag serişdeleri, göwün açyş we jemgyýetçilik iýmit ýerleri bar. Ümsümligi bozýan hereketlere: telewizorlaryň we radioenjamlaryň sesini bellenen derejeden ýokary ulanmak, saz gurallarynda gaty sesde saz çalmak, sykylyk atmak, aýdym aýtmak we beýlekiler degişli edildi.