Gyrgyzystanda Halk gurultaýy dowam edýär

Gyrgyzystanda Halk gurultaýy dowam edýär

Düýn, anna güni Gyrgyzystanyň paýtagtynda ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda iki günlük Halk gurultaýy başlandy diýip, Kazinform habar berýär.

Gurultaýa 700 wekil gatnaşýar, olaryň 640-sy Respublikanyň ähli sebitlerinden gelen wekiller, etniki toparlaryň 30 wekili, daşary ýurtlarda zähmet çekýän gyrgyzlaryň wekilleriniň 30-sy, şeýle-de Žogorku Keneşiň wekilleri, Ministrler Kabinetiniň agzalarydyr döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleridir. Olaryň arasynda 60 töweregi zenan bar, iň ýaş wekil 25 ýaşynda, iň uly ýaşly wekil 80 ýaşynda.

Ikinji Halk gurultaýynda gutlag sözi bilen GR-iň Prezidenti Sadyr Žaparow çykyş etdi.Ol çykyşynda ýylyň jemlerini jemläp, geljek ýyla dahylly maksatnamalar bilen tanyşdyrdy. Žaparowyň sözlerine görä, döwlet bu ýylda, esasan, durmuş ugrunda uly işleri bitirdi. Çet etraplarda onlarça mekdeplerdir çagalar baglary guruldy.

Bişkekde we Oş şäherlerinde ipoteka karzly köp gatly jaýlar gurlup, raýatlara paýlandy. Ýurtda 30 sany kiçi suw elektrik beketlerini gurmak meýilleşdirilýär.

Ýurduň ykdysady ösüşi barada Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow hasabat berdi.

Gurultaý şu gün öz işini tamamlar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary