Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyk

Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyk

Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyklyk edýär. Bu barada ýurduň zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministri Kudaýbergen Bazarbaýew habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Bu gün biziň ministrligimiz ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda işjeň aladalanýar. Men ýaňy Oş-tekstil kärhanasynda boş iş orunlarynyň köpdügini aýtdym, ol ýerde esasy mesele işgärleriň hünär derejesi bilen bagly diýip, Bazarbaýew belledi.

Ministriň sözlerine görä, oba hojalygynda, gurluşykda we lomaý-bölek satuwlar ulgamynda boş iş orunlary köp.

Ýagdaýy düzetmek üçin Zähmet ministrligi raýatlaryň iş berijiler bilen özbaşdak habarlaşyp bilerleri ýaly malgumatlaryň umumy bazasyny döretdi, netijede, kompaniýalar täze işgärleriň hünär taýýarlygyny ýola goýdular. Ministrlik şeýle-de daşary ýurtlarda bolup gelen gyrgyzystanlylara kömek bermek üçin maksatnama taýýarlaýar, döwlet olara maliýe goldawyny berer hem-de işe ýerleşmäge ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri 110 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdimuhamedow türkmen ştangaçylarynyň çykyşyndan nägile boldy
Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyna, türgenine WADA-nyň sanksiýalary girizilmegi mümkin