Gyrgyzystanda 20 adam Aýtmatowyň medaly bilen sylaglandy

Gyrgyzystanda 20 adam Aýtmatowyň medaly bilen sylaglandy

Gyrgyzystanda 20 adam ýazyjy Çingiz Aýtmatow adyndaky medal bilen sylaglandy. Ol medeniýet, ylym, edebiýat we jemgyýetçilik işinde ajaýyp hyzmatlary bitiren adamlara gowşurylýar diýip, MIR 24 ýazýar.

Dabara Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçdi. Sylagy mynasyp bolanlara ýazyjynyň ogullary gowşurdylar. Sylaglananlaryň arasynda Bişkek şäheriniň häkimi we Russiýanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi bar. Geljekde ýazyjynyň ady dakylan täze kitaphana açmak meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň Antalýa şäherinde Çingiz Aýtmatowyň merkezini açmak boýunça işler garaşýar. Biz Nowosibirskide hem şeýle merkezi açmak barada memoranduma gol çekdik. Geljek maý aýynda ony açmak üçin Nowosibirskä gitsek gerek diýip, Ç.Aýtmatow adyndaky Halkara Yssykköl forumynyň wise-prezidenti Dinara Žumabaýewa gürrüň berýär.

Guramaçylar Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna gabatlap, Gyrgyz Respublikasynda Aýtmatowyň okaýyşlaryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
Aýtmatow medaly bilen sylaglandy
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Halkara Yssyk Köl Forumy Türkiýede we Azerbaýjanda Geçirler