Gyrgyzystanyň mejlisiniň başlygy Nurlanbek Şakiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde ýygnanan 90 orunlyk Mejlisiň baş geňeşinde Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygy bilen bagly kanun teklibi ara alynyp maslahatlaşyldy.
Ylalaşyga baş geňeşiň garamagyna hödürlän Transport we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew: "Kanun taslamasy Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşyk taslamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň başladylmagyna mümkinçilik berer" diýip habar berdi.
Transport we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew: "Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy Günorta-gündogar, Günbatar Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň bazarlaryna elýeterliligi üpjün eder. Bu ugur önümleriň Hytaýdan Gyrgyzystana, mundan başgada Türkiye bilen birlikde Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna we şeýle hem Ýewropa Bileleşigine ýetirilmegini üpjün eder" diýip mälim etdi.
Deputat Gulýa Kojokulowa Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine oňyn täsir ýetirjek kanun taslamasyny goldaýandyklaryny aýan etdi.
Geçirilen geňeşmeleriň netijesidne 6-njy iýunda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Hytaýyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygy bilen bagly kanun teklibi kabul edildi.
Orta Aziýada asyryň taslamasy hökmünde häsýetlendirilýän we Hytaý bilen Orta Aziýa we Ýewropa birikdirjek ady agzalan taslamanyň şu aýylyň ahyryna çenli başlajakdygy habar berilipdi.