Gyrgyzystan gandöküşikli serhet çaknyşyklaryndan soň täjik ýolagçylaryna ýurda girmegi wagtlaýyn’ gadagan edýär

Gyrgyzystan gandöküşikli serhet çaknyşyklaryndan soň täjik ýolagçylaryna ýurda girmegi wagtlaýyn’ gadagan edýär

Gyrgyz häkimiýetleri Täjigistandan uçar gatnawy bilen Gyrgyzystanyň baş howa menziline baran onlarça täjik raýatynyň ýurda girmegine rugsat bermedi. Bu waka geçen aý dawaly serhetde soňky otuz ýylyň içinde bolan iň erbet söweşlerden soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýaramazlaşdyryp biler.

Täjigistanyň “Somon Air” howa ýollarynyň uçary bortunda Bişkegiň Manas aeroportunda Gyrgyz serhet gullugy tarapyndan Gyrgyzystana girmegine rugsat berilmedik 177 täjik raýaty bilen 26-njy maýda irden yzyna, täjik paýtagty Duşenbä dolandy. Bu gadaganlyga Täjigistan raýatlary üçin gyrgyz serhediniň wagtlaýyn ýapylmagy sebäp bolupdyr.

177 täjik raýaty yzyna ugradylmazdan öň gyrgyz howa menzilinde alaçsyz galdy, ýöne uçar 25-nji maýda gijöýlän Manasa gonandan soň, bortdaky başga ýurduň dokuz raýatyna Bişkekde galmaga rugsat berildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy Duşenbe-Bişkek gatnawynyň kabul edilmejekdigi barada Gyrgyzystanyň özlerine öňünden habar bermändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Täjigistanyň Bişkekdäki konsuly Abubakr Şodiýew özüniň bu meseläni gyrgyz häkimiýetleri bilen gepleşik arkaly çözmäge synanyşandygyny, ýöne özüne “Somon Air” uçarynyň Täjigistana dolanmaldygynyň aýdylandygyny gürrüň berdi.

Russiýanyň dürli şäherlerinden Gyrgyzystana baran, tranzit geçýän 100 töweregi täjik raýaty häzirki wagtda Bişkek howa menziliniň tranzit zolagynda galýar.

Olaryň käbirleri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde täjik raýatlary üçin gyrgyz serhediniň ýapyljakdygy barada öňünden özlerine habar berilmändigini aýtdylar.

24-nji maýda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň Döwlet serhet gullugy 21-nji maýdan başlap, Täjigistandan gelýän adamlar we harytlar üçin “wagtlaýyn” giriş-çykyş çäklendirmeleriniň güýje girizilýändigini habar berdi.

Beýanat çäklendirmeleriň iki ýurduň serhedinde ýerleşýän bäş sany barlag nokadyna degişlidigini aýtdy, ýöne howa gatnawlary barada hiç zat aýtmady,

Bu waka apreliň aýagynda Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda bolan serhet çaknyşyklarynda iki ýurduň serhet goşunlarynyň birek-birege ot açmagyndan birnäçe hepde soň bolýar. Atyşyklaryň netijesinde onlarça adam öldi, onlarça öý ýykyldy.

Gyrgyzystan apreliň aýagynda ýüze çykan zorlukda köpüsi asuda raýatlardan bolan 36 adamyň ölendigini habar berdi.

Täjigistanyň resmileri çaknyşyklarda 19 täjik raýatynyň ölendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

BBC: ylham berýän 100 zenan
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Çingiz Aýtmatow
Russiýanyň futbol ýygyndysy Türkmenistanyň gatnaşjak halkara ýaryşynda çykyş etmegi ahmal KHBS
Gyrgyzystana Türkmenistandan eltilen gök önümler bir hepdeden hem az wagtda satyldy
Bişkekde Türkmenistandan baran ýükler garşylanyldy
Telekeçileriň ylalaşygy esasynda Türkmenistandan Gyrgyzystana ilkinji ýük iberildi