Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy

Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy

Şu ýylyň 8-13-nji sentýabrynda Astanada geçjek Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gabatlap, Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi banky hümmeti 10 som bolan şaýy pullaryň toplumyny çykardy. Bu barada maliýe edarasynyň habaryna salgylanýan Daryo.uz ýazýar.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary toplumynyň şaýylyklary däp bolup gelýän at çabyş gyrgyz sportuna bagyşlanan. Teňňäniň ýüz tarapynda ippodromyň şekiliniň öňünde iki sany atly, Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň nyşany ýerleşdirilipdir. Arka ýüzünde at çapýanlar barada ýordumyň dowamy we Gyrgyzystanyň döwlet Tugrasy şekillendirilipdir. Şaýy pullaryň jemi 1000 sanysy çykarylar, olaryň umumy bahasy 5580 soma deň. Olar ýurduň çäginde resmi töleg serişdesidir.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna 89 ýurtdan 2 müňden gowrak türgeniň hem-de 100 müňden gowrak jahankeşdäniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna bagyşlanan şaýylyklar
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Gazagystan Çarwa Oýunlaryna Ýer Eýeçiligini Eder