
Gyrgyzstanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýannama görä ministri Beýşenaliýew Inönü uniwersitetiniň Turgut Özal adyndaky Lukmançyyk merkeziniň Bagyr transplantasiýasy institutyndan Bişkege baryp, bagyr transplantasiýasyna gatnaşan topar bilen duşuşdy.
Beýşenaliýew Bagyr transplantasiýasy institutynyň Müdiriniň orunbasary Dosent Wolkan Injä, Baş hirurg Dosent Kemal Baryş Saryja, Anesteziýa hünärmeni Lukman Duýgu Demiroza, şepahat uýasy Emine Erige we Eje Taştana ministrligiň Saglyk üpjünçiliginde Kämillik ordenini gowşurdy.
Bagyr transplantasiýasynda baý tejribä eýe bolan türk hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken Beýşenaliýew, türk lukmanlaryna sagbolsun aýtdy.
Ministr Beýşenaliýew operasiýanyň ýurdunda lukmançylyk pudagyndaky möhüm başlangyçdygyny we bagyr transplantasiýasyna zerurlyk duýýan hassalar taýdan hem uly ähmiýete eýedigini aýtdy.
Gyrgyz ministri Gyrgyz-Türk Döwlet Dostluk hassahanasynda tölegsiz edilýän şeýle operasiýalaryň dowam etjekdigini nygtady.