Gyrgyzstan, Kollektiw Howpsyzlyk Ylalaşygy Guramasynyň Türgenleşigini Bes Etdi

Gyrgyzstan, Kollektiw Howpsyzlyk Ylalaşygy Guramasynyň Türgenleşigini Bes Etdi

Gyrgyzstan üstümizdäki aý geçirilmegi meýilleşdirlen Kollektiw Howpsyzlyk ylalaşygy guramasynyň Parahatçylyk güýçleriniň türgenleşigini bes etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Kollektiw Howpsyzlyk ylalaşygy guramasynyň Parahatçylyk güýçleriniň ýurtda geçirilmegi meýilleşdirlen “Mizemez Doganlyk-2022” türgenleşiginiň bes edilmegi barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Kollektiw Howpsyzlyk ylalaşygy guramasy Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Ermenistan tarapyndan 2002-nji ýylda harby hyzmatdaşlyk hökmünde döredilipdi.

Geçen aý serhet düznüşmezligi sebäpli Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň arasynda bolan çaknyşyk iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy.

Gyrgyzstanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuran Niýazaliýew, Ermenistanda 7-nji oktýabrda geçirlen maslahatda, Kollektiw Howpsyzlyk ylalaşygy guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky çaknyşygyň öňüniň alynmagy üçin guramanyň düzgünnamasyna üýtgetme girizilmegini teklip edipdi.

Ýene degişli makalalar

Lawrow Ukraina Bilen Gepleşikleriň Dowamynda Çaknyşyklary Bes Etmejekdiklerini Aýtdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar
Ermenistan Serhetlerini Rus Goşunlarynyň Goramagyndan Biynjalyk
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?