Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet kodeksinde uzak aralykdan işlemek düşünjesi giriziler

Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet kodeksinde uzak aralykdan işlemek düşünjesi giriziler

Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet, durmuş goragy we migrasiýa ministrligi ýurduň Ministrler Kabinetiniň Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kararynyň taslamasyny halk köpçüligine ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürledi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Kabar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp, aniq.uz web sahypasy habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet kodeksinde uzak aralykdan işlemek düşünjesi girizmeklik baradky bu resminama häzirki wagtda zähmet bazarynda düýpli üýtgeşmeleriň bolýandygy bilen delillendirilýär.

Sanly tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde adaty iş üpjünçiliginiň mukdary azalýar, bu bolsa işiň täze görnüşleriniň (erkin iş, özbaşdak iş, uzak aralykdan iş we ş.m.) döremegine sebäp bolýar. Şol bir wagtyň özünde, COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän epidemiologiki ýagdaý, uzakdan aralykdan iş usulyny girizmek arkaly zähmet şertnamasyny ulanmagyň derwaýyslygyny ýokarlandyrdy.

Bu nukdaýnazardan, dürli hünär ugurlarynda zähmet çekýän işgärleriň uzak aralykdaky iş ýagdaýlaryny kadalaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar.Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň Gyrgyz Respublikasynyň Zähmet Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kararynyň taslamasy uzak aralykdan işlemek usuly esasynda işleýän işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryny kanuny taýdan berkitmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda uzak aralykdan işlemek usuly has giňden ýaýran endige öwrülýär. Uzak aralykdaky iş, işgäriň iş wezipesini iş berijiniň çäginden daşarda ýerine ýetirmegi we işgär bilen iş berijiniň arasyndaky aragatnaşyk sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizildi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda ulag diplomatiýasy boýunça Maksatnama tassyklanyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi