Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow

Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow

Gepleşigimiziň bu sanynda size şahyr, ýazyjy, mugallym, teatr artisti, ýaş Gyrgyz Sowet Respublikasyna uly goşant goşan, 20-nji asyryň başynda ýaşap geçen gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanowy tanyşdyrmakçy.

Kasym Tynystanow 1901-nji ýylda häzirki Gyrgyz Respublikasynyň Balykçy şäheriniň golaýyndaky Çyrpykty obasynda dünýä inýär.

Ilki kakasyndan köne haty öwrenipdir. 1909-1912-nji ýyllaryň aralygynda doglan obasyndaky mekdebe, 1912-13-nji ýyllarda Sazanowa şäherçesindäki Jedit usulyýetinde bilim berýän özbek mekdebine, 1914-16-njy ýyllaryň aralygynda bolsa Karakoldaky “Rus-Tuzem” adyndaky rus däl halklaryň rus dilinde bilim alýan mekdebinde okaýar. 1924-nji ýylda Daşkentde Gazak-Gyrgyz Halk Pedagogika İnstitutyny tamamlaýar.

Talyplyk ýyllarynda gazakça çap edilýän “Jaňa Öris”, “Ak Jol” gazetleriniň redaksiýalarynda, “Jas Kaýrat” we “saana” žuranallarynda işleýär. Çagalykda dile bolan islegi bilen türki dillerinden gazak, özbek, tatar we azerbaýjan dialektlerinde erkin geplemegi öwrenýär.

Hat-da ilkinji goşgusyny gazak dialektinde ýazypdy.

Kasym Tynystanow edebiýatçylygy ýaly alymlygy bilen hem tanalýar. Gyrgyz ýazuw diliniň esaslandyryjylaryndan biri bolup, gyrgyz diliniň latyn elipbiýinden soň kirill elipbiýine geçiş tapgyryna hem işjeň gatnaşypdyr. Bakuwda geçirilen Türkologlaryň 1-nji gurultaýynda teklip eden “Täze gyrgyz elipbiýiniň döredilmegindäki başlangyç kadalar hakynda” atly makalasy, Gygyz dilçiliginde ýazylan ilkinji ylmy işdir.

Tynystanow gyrgyzçanyň ýerli dialektden edebi ýazuw diline öwrülmegine goşant goşup, gyrgyzçanyň haýsy şiwesiniň edebi dil hökmünde saýlanyp alynjakdygyna karar berip, birnäçe grammatiki terjimeler edip, şol eserlerden peýdalanyp gyrgyzçanyň dilçilik esasyny döredýär.

1927-nji ýylyň mart aýynda Sowet Soýuzynda Awtanom respublika bolan Gyrgyzstanyň Sosialist respublika bolmagy üçin täze döredilen Milli bilim mimnistrligine bellenen Tynystanow, şol wezipäni 1930-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli dowam etdirýär.

Inçekesele ýolukmagy sebapli wezipesinden çekilip, bejergi alýar we sagalýar. 1931-nji ýylyň tomsunda Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylmy-barlag institutynda mugallymçylyga başlap, şol ýerde 1937-nji ýyla çenli kafedra müdiri, dekan bolup işleýär. 1932-nji ýylda dosent, 1936-njy ýylda professorlyk derejesini alýar.

Taryhda “Uly terror” atlandyrylan Staline garşy pikirlere garşy saplaýyş syýasatynda Gyrgyzstanda esasanda döwlet adamlarynyň we alymlaryň esasy bölegi ölüm jezasyna ýa-da sürgüne höküm edilýar.Kasym Tynystanow hem anyk günäkärleme bolmasa hem çapa taýýarlaýan Manas Dessanynyň soňky seljerişleri üçin Moskwa guran saparyndan yzyna çagyrylýar we 1937-nji ýylyň 1-nji awgustynda tussag edilýär.

Uzak dowam eden gynama we sütemler netijesinde “milletçi we halk duşmany” günäkärlemesini boýun almaly bolýar hem-de atylyp öldürilýar.Gubyry 1991-nji ýylda 1991-nji ýylda Bişkege 15 kilometr alysda köne daş-kömür magdanynda 138 adam bilen bilelikde tapylýar. Şol ýerde dünýä meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň kakasy Törlul Aýtmatowyň jesedi hem tapylýar.

Gyrgyzstanyň ilkinji prefessory Kasym Tynystanow şeýlelikde beýleki intellektuallar bilen şol bir ykbaly bölüşmeli bolýar. Daşkentde tanyşan jeditçi we diňe bir öz halkyny däl, türki dünýäniň geljegini pikir edýän türki halklarynyň alymlary bilen bilelikde döredilen Alaş Orda herekleti täze hökümeti gorkuzýar hem-de ony ýok etmek isleýär. İrginsiz işlän Kasym Tynystanow, halkynyň gözýetimini giňeltmek üçin kitaplar ýazan alymlardan biri.

Kasym Tynystanowyň işleri esasanda gyrgyz diliniň we edebiýatynyň kämilleşmeginde mähek daşy kabul edilýär. Gyrgyzstanda onuň adyny götreýän mekdepler we köçeler bar. Kasym Tynystanow Gyrgyzstanyň taryhyndaky esasy intellektuallardan biri hökmünde henizem uly hormat bilen hatyralanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Halkara festiwalyň çäginde Ak gämi atly sahna eseri görkezildi