Gyrgyz eleçegi, özbek keramikasy, täjik atlasy we türkmenleriň atçylyk sungaty UNESCO sanawyna girdi

Gyrgyz eleçegi, özbek keramikasy, täjik atlasy we türkmenleriň atçylyk sungaty UNESCO sanawyna girdi

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, bilim we medeniýet boýunça edarasy (ÝUNESKO) Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky käbir medeni gymmatlyklary, amal-haşam sungaty bilen baglanyşyklary käbir döredijilik işlerini we däpleri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.

Olaryň hatarynda türkmenleriň Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, gyrgyzlaryň eleçegi, özbekleriň keramika sungaty we täjikleriň Atlas we adras matalaryny dokamak däpleri bar.

Ozalky ýyllarda hem bu ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan amaly-haşam sungatyna degişli köp sanly eserler we däpler halkara ykrarnamalara mynasyp bolupdy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky käbir maddy däl medeni gymmatlyklaryň ÝUNESKO sanawyna girizilmegine bagyşlanýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO döredilýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistandaky dinozawrlaryň aýak yzlary syýahatçylaryň ünslerini özüne çekýär
Saha Türkçesi - 1
USAID bilen ÝB Lebap welaýatynyň senetçilerine ýardam berýär
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk