Türkmenistanyň Baş drama teatry Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Atda wepa-da bar, sapa-da atly kitaby boýunça adybir oýny sahnalaşdyrdy.Golaýda täze spektaklyň premýerasy şowly geçdi. ...Sahnanyň çapyşyk ýodalaryna öwrülip, teatrda şüweleňli at çapyşygyna tomaşa edip bolýandygyny çak edenem tapylmasa gerek. Ýöne oýun goýujy režisýor Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow ýagdaýa kybaplygy gazanmagyň ussady.
Onuň tagallasy bilen milli teatr sahnasynda ilkinji gezek janköýerleriň şowhunyny we ahal-teke bedewleriniň gözelligine, ýeňil gopuşyna we ýüwrükligine haýran galýan gaýry ýurtlylaryň joşgunyny görkezýän at çapyşygy beýan edilýär.
Spektaklda at çapyşygy başlanandan tomaşaçylar, hamala, hakykatdanam bäsleşiklere tomaşa edýän ýaly duýgyny başdan geçirýärler... -Hormatly Prezidentimiziň Atda wepa-da bar, sapa-da atly kitabyny okanymdan mende çapyksuwar gyz Jennediň taryhyny, onuň atlara bimöçber söýgüsini sahna diline geçirip, ony Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlamaga höwes döredi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow bilen bilelikde pýesany taýýarlap ugradyk diýip Kakajan Aşyrowiç gürrüň berýär.Döwürdeşimiz barada hekaýata düýşüne erenler giren Görogly hakda epizod girizildi.Biz türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň dowamatlygyny, ahal-teke bedewleriniň taryhy-medeni aýratynylygyny, adam bilen atyň aýrylmaz baglanşygyny nygtamamk üçin ony esas edip aldyk.
Göroglynyň kuwwaty-daýanjy Gyrat.Gyrat ençeme belalarda ony halas edýär.Görogly erenleriň eçilen üç dileginde atyny hem agzaýar.Ata söýgüniň mundan belent nusgasy bolarmy!Hormatly Prezidentimiziň kitabynda beýan edilýän üýtgeşik wakany ýatlaýyn.
Jennet çagalykdan at üstündäki oýunlara imrigýär we bu ugurda kämillige ýetýär.Galkynyş milli at oýunlary toparynyň hatarynda dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bolup, talapkär tomaşaçylaryň söýgüsine we halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolýar. Çapyksuwar gyz wagtynyň aglabasyny atyna bagş edýär. Ýöne ata-enesi gyzynyň geljeginiň aladasyny edip ugraýarlar, kakasy: Ýetişen gyz at çapyp ýörse gelşigi bolmaz - diýýär.
Onsoň Jennet türgenleşigini goýýar.Ata-enesiniň diýenini etse-de edýärem welin, oňa atyndan aýralyk kyn düşýär.Onuň soňy edil ertekilerdäki ýaly bagtly tamamlanýar.Dogrusy, durmuşda öz arzuwyna ýeteniňki başgaça bolmalam däl.
Jennet ýene at çapmaklygy dowam edýär, kän wagt geçmänkä-de Galkynyş milli at oýunlary toparyndan jigit Arslan Annamyradow bilen durmuş gurýar.Indi zehinli çapyksuwarlaryň enaýyja iki çagasy bar.
Gowşutgeldi Daňatarow bilen pýesany taýýarlap ýörkäk spektakly durmuşa has ýakyn getirmäge çalyşdyk.Diňe baş gahrymanyň adyny üýtgetdik spektaklda oňa Altyn diýilýär. -Kakajan Aşyrowiç, täze işiňize tomaşa edeniňde Siz adam bilen atyň arasyndaky duýgur we mähirli gatnaşykda bolan ýaly bolup dur.
Eseriň özeni filosofik pikirlere ýugrulan, şol bir wagtyň özünde ýordumlar bir-birine çapraz gelmeýär, olar eseriň esasy pikirine sazlaşykly utgaşýar. -Men munuň şeýledigine juda begenýärin, sebäbi meniň bedewlere söýgüm üýtgeşik, bu tema döredijilik terjimehalymda möhüm orun tutdy. Ýadyňyza düşýän bolsa, men Meniň dostum Meleguş kinofilminde Meleguş atly aty ýürekden söýenligi üçin onuň auksionda satylyp, daşary ýurda äkidilmegine ýol bermedik baş gahryman Altynyň keşbini döredipdim. -Siziň goýýan spektakllaryňyzyň bir aýratynlygy bar, ýagny Siz sahnany şeýle bir ýerlikli ulanýarsyňyz welin, oýundaky sahnalar kinodalardaky ýaly görünýär. -Meniň üçin teatr sungat žanrlaryny ençemisiniň birleşýän ýeri, döredijilik laboratoriýasy, kinofilmere kybaplygy bolsa eseri beýan etmegiň mümkinçiligini giňeldýär, köpugurly, depginli sahna eserini döretmäge, sahna bezeginiň detallaryny nygtamaga mümkinçilik berýär.
Oýun goýujy nakgaş Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, saz bezegini ýertine ýetiren Magtymguly Saparow we horeograf Taisiýa Aliýewa bilen bilelikde biz kybapdaşlygy we çuň manylygy gazanmaga çalyşdyk.
Dilşat Meläýewa, Begenç Garlyýew, Şemşat Kasymowa, Hezret Öwezow, Söhbet Serbazow, Aman Ataýew, Jennet Poltaýewa ýaly zehinli artistleriň oýny spektaklyň konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etdi.Atda wepa-da bar, sapa-da oýny hormatly Prezidentimiziň eserleri boýunça teatrda goýlan bäşinji spektakldyr.
Men taryh we häzirki döwrümiz, däpler we olaryň täzeçe beýany, pafos we dartgynlyk, halk parasady we filosofiýa, söýgi we milli gymmatlyklaryň beýany bolan bu işiň teatr sungatynyň muşdaklaryna Türkmen bedewiniň milli baýramyna mynasyp sowgat bolmagyny isleýärin.