Gypjak dili döwründe ýazylan eserler

Gypjak dili döwründe ýazylan eserler

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda türki halklaryň medeniýetiniň we diliniň esasy tapgyrlaryndan biri bolup durýan gypjak dili döwri we ýazylan eserler hakynda maglumat bermekçi.

Dilleriň kämilligine we üýtgeýşine göz ýetirmek üçin şol diliň taryhy tapgyry bilen bilelikde jemgyýetiň ynanjynyň, jemgyýetçilik-medeni taryhynyň öwrenilmegi netijesinde ýazylan hronologiýa gerek.Döwrebap türki dünýäsi bilen bagly ylmy barlaglar uly sepgitlere ýetdi.

Türkologiýa ylmynyň döredilmegi bilen bilelikde bu çarçuwada türki dilleriň taryhy döwrüleriniň çäkleri kesgitlenip, çuňňur barlaglar geçirilýär.Türki diliň taryhy tapgyrlaryndan biri hem gypjak döwrüdir.Gadymy gypjak dili ýa-da kuman dili atlandyrylýan türki dil, 13-15-nji asyrlaryň aralyndan bir tarapdan Gara deňiziň demirgazygynda, şu günki Russiýada, Ukrainada we Kawkazda, beýleki tarapdan bolsa günortada Müsürde we Siriýada ýazuw dili hökmünde ulanylypdy.

Gypjak dili, gözbaşyny türki halklaryň gypjak şahasyndan alyp gaýdýan taryhy türki dilidir.Bu dialekt, gul söwdasynyň we hakynatutma esgerleriň saýasynda giň sebitlere ýaýrapdyr.

Türkologlar taryhy türki diliň gypjak döwrüni dürli çeşmelere, döwürlere we giňişliklere görä sähra, Mamluk we ermeni gypjakjasy görnüşinde üç toparda analiz edýärler.Türki dile goşan goşantlary sebäpli esasy eserlerinden biri Kodek Kumanikus sözlügi hasap edilýär.

Bu eserler italianlar we nemesler tarapyndan 14-nji asyrda düzülen 2 bölümden ybarat sözlükdir.Kodeks Kumanikus türki diliniň taryhynyda latyn harplarynda ýazylan ilkinji eserdir.Kumanlar tarapyndan hristianlygy wagyz etmek üçin missionerler tarapyndan türki diline düşünmek üçin ýazylan kitapdyr. 14-nji asyryň türki dilini şöhlelendirýän eseriň bar bolan ýeke-täk nusgasy Italiýanyň Wenesiýa şäherindäki Saint Markus kitaphasynda saklanýar.

Soňky ýyllarda, 14-16-njy asyr Mamluk gypjakjasy döwründen biziň günlerimize gelip ýeten eserleriň has köpdügini görýäris. Şol eserler türkologlar sözlükler we grammatikalar, Fykyh eserleri, Mergenlik we seýislik eserleri we edebi eserler hökmünde toparlara bölýärler.

Gadymy gypjak döwrüne degişli eserleriň esasy tarapy araplara türki dili öwretmek üçin grammatika kitaplarynyň we sözlükleriň ýazylmagydyr.Abu Haýýan Muhammed bin Ýusufa degişli Kitabul Idakli Lisanil Etrak, ýagny Türki diline düşünme kitaby esasy sözlük, grammatika we leksikologiýa kitabydyr.

Mamluk gypjakjasy döwrüniň biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk edebi eseri bolsa Gülistan terjimesi atlandyrylýar.Gülistan terjimesi eýranly şahyr Sadynyň eseriniň Seýfi Saraýy tarapyndan 1391-nji ýylda tamamlanan erkin terjimesidir. Şol döwrüň beýleki bir özbolyşlygy bolsa gypjaklaryň ermenilere goňşy bolmagy we olaryň elipbiýini kabul edip, eserler ýazmagydyr. 16-17-nji asyrlarda Lwow we Kamýanes-Pokilski şäherleriniň başda durmagynda Ukrainada, Rumyniýada, Moldowada, Krymda we Türkiýede ermeni gypjakjasynda ýazylan tekstler 1521-1669-njy ýyllaryň aralygynda ermeni elipbiýinde, ýöne gypjak dilinde ýazylan hem-de biziň günlerimize çenli gelip ýeten 112 eser 25-30 müň sahypa barabar mirasa eýedir.

Taryha adyny ýazdyran gypjaklaryň häzirki mirasdüşerleriniň hatarynda gazaklary, gyrgyzlary, Gazan we Krym tatarlaryny, gumuklary, garaçaý-malkarlary, nogaýlary, karaýlary, urum türkilerini agzamak mümkin. Henizem öwrenilýän döwrüň eserleri deňeşdirmeli görnüşde seljerilip, türki dünýä uly goşant goşulýar.

Ýene degişli makalalar

Kumyk Türkçesi
Eýranda aşa sowuk howa sebäpli elektrik we gaz üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar ýüze çykdy
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar