Gwineýadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Gwineýadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Gwineýanyň hökümedi ýurduň paýtagty Konakri şäherindäki nebit terminalynda bolan partlamada we ondan soň bolan ýangynda ýogalanlaryň sanynyň 13 adamdan 23 adama çykandygyny habar berdi.

Ozal 178 adamyň ýaralanandygy beýan edilen wakada ýaralananlaryň sanynyň 241 adama ýetendigi mälim edildi.

Hökümet 10 adamyň jesediniň anyklanmandygyny we köp sanda adamyň dereksiz ýitendigini beýan etdi.

Gwineýanyň ýangyç importynyň ýerine ýetirilýän esasy nebit terminalynda bolan partlama, ýurtda ýangyç ýetimezçiligi bilen bagly aladalary artdyrdy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär.

Ýurtda penşenbe gününden başlap 3 günlük milli ýas yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Oskar dabarasyny meşhur komediýaçy alyp barar
BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş, Türkiýä Sag Bolsun Aýtdy
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Hýundai i30 heçbegini krossowere çalyşmagy mümkin
Ahal futbol topary ilkinji gezek eFootball oýnuna girizildi
Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi