Gwineýanyň SPID toparynyň ýolbaşçysy lukman Kýeremeh Atuahene beren beýannamasynda ýurtda HIW wirusyny göterýänleriň sanynyň günsaýyn artmaga dowam edýandigini aýtdy.
Ýurtda 2022-nji ýylda 9,354 adamyň SPID keselinden ýogalandygyny nygtan Atuahene; “Şol ýyl 16,574 adama wirus ýokaşdy we ýurtda HIW bilen ýaşaýan jemi adamlaryň sany 354,927 adama ýetdi” diýdi.
Atuahene HIW çaklamalarynyň epidemiýanyň ululygyny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdi.
Toparyň HIW/SPID-e garşy kampaniýalaryny dowam etdirjekdigini nygtan Atuahene, raýatlary wirusa garşy test etdirmäge çagyrdy.