Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi

Gepleşigimiziň bu sanynda guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi hakynda maglumat bermek isleýäris.

Guýruk nerwi, bedendäki iň uzyn nerwimizdir. Nerwiniň haýsydyr bir görnüşde zyýan çekmegi esasanda biliň aşakky arka tarapynda we aýaklaryň agyrmagyna sebäp bolýar. Ol bedeniň aşakky bölegine çenli ýaýramaga dowam edýär.

İlkiler agyry wagtal-wagtal ýüze çykar, wagtyň geçmegi bilen ol has artar.

Guýruk nerwi agyrysyny azalmak üçin maslahatlarlarymyz şeýle:

Süýtden, baldan we sarymsakdan taýýarlanan ergin

Guýruk nerwi agyrysyna tebigy melhem gözleýänler şu emden peýdalanyp, agyrylaryny azaldyp biler.

Ilki bilen süýdi, baly we sarymsagy garyp, şolardan içgi taýarlaň.

Taýarlanan şol ergin, guýruk nerwi agyrysyny diňdirmek üçin peýdalydyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda guýruk nerwi agyrysyny başdan geçirýänlere bu erginden yzgiderli peýdalanmak maslahat berilýär.

Narpyzyň em üçin peýdalanylýan ýagy

Narpyzyň ýagy, guýruk nerwiniň tebigy bejergi usullaryndan biridir. Antiokisdent özbolyşlygy bolan tebigy narpyz ýagy, guýruk nerwi agyrysy üçin maslahat berilýär.

Narpyz ýagynyň peýdasyny görmek üçin hepdede 2 gezek boýundan buda çenli owup, çalmaly.

Agyry duýanyňyzda organiki narpyz ýagyny buduňyza çalmagy ýatdan çykarmaň.

Gan aýlanyşyny kadalandyrýan peýdaly ýag, guýruk nerwi agyrysyny rahatlandyrar.

Zweroboý ýagy

Iriňi saplama özboluşlygy bolan zweroboý, ýagny sary gülli dermanlyk ösümiligiň ýagyny guýruk nerwi agyrysyny başdan geçirýän günleriňizde peýdalanmak maslahat berilýär.

Aýaklaryňyzda ýadawlyk we agyry duýsaňyz, zweroboý ýagny buduňyza çalmagy maslahat berýäris.

Zweroboý ýagny yzgiderli ulanmak guýruk nerwi agyryna peýdalydyr.

Sogan

Orta ululykdaky bir sogany ikä bölüň we iki bölegini hem dyzyňyzdan topugyňyza çenli owup, çalyň.

Sogan agyryny aýyryjy we iriňi guradyjy özbolyşlygy bilen aýakdaky agyrlar üçin peýdalydyr. Soganyň ysy biyndalyk edýändigi üçin, bir sagat soň aýaklaryňyzy ýuwup bilersiňiz.

Kelemiň ýapragy

Kelemiň ýapragy guýruk nerwi agyrysyny aýyrmak üçin maslahat berilýän usullardan biridir. Kelem ýapragyny goparyp, suwda gaýnadyň. Gyzgyn kelem ýapraklaryny aýaklaryňyza orap, garaşdyryň. Ol gan aýlanyşyňyzy çaltlandyryp, agyryňyzy aýyrar.

Künji ýagy we üwelen zenjebil

Zenjebil, agyry duýulanda ýada ilki düşýän şypaly ösümliklerden biridir.

1 nahar çemçesi zenjebili, 2 nahar çemçesi künji ýagyna garyň.

Emele gelen melhemi dyzyňyzdan buduňyza çenli çalyň we ol doly çekýänçä garaşyň. Agyryňyzy gysga möhletde azalar.

Çereşniýanyň sapy:

35 sany çereşniýanyň guradylan sapyny bir käsä suwda 4-5 minut gaýnatmaly. Bäşinji minutdan soň üstüne bir tutum (5-10 gram) çitçiti goşmaly. Olary bilelikde 5 minut gaýnatmaly. Irden we agşam bir hepde içmek maslahat berilýär.

Gyzgyn suw gaplary ýa-da gyzdyryjy enjamlar biliň agyrýan ýerine goýlanda agyrylar azalar. Olardan günde ýarym sagat peýdalanmak maslahat berilýär.

Maşk etmek:

Uzak möhletli oturmak, stoluň başynda işlemek we tewizora tomaşa etmek gynansagam bedeniň saglygy üçin zyýanly bolýar. Guýruk nerwi agyrylarynyň köpüsinde maşk etmek maslahat berilýär. Maşk etmek we gerinmek sizi güýçlendirer, aýaklaryňyzdaky we omuzyňyzdaky agyrylary azaldar.

Ilkiler oturmagyň ýerine gysga gezelençler etmek, basgançaklardan çykyp, düşmek we her gün ýöreýän aralygyňyzy artdyrmak maslahat berilýär. Oturyşyňyzy üýtgetmek hem sizi rahatlandyrar.

Ýene degişli makalalar

Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ak kelemiň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…