Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda teleýaýlyma berilýän gepleşikleri, esasan hem, Türkmenkinostudiýasynyň önümleri bolan türkmen kinolaryny telewizorly hojalyklarda üýşülip görlerdi. Oglankak obamyzyň ýaşuly adamlary bilen Uzakdaky gelinlik, Çopan ogly, Aşyr aganyň hötjetligi, Aýgytly ädim we beýleki kinolara tomaşa edişimiz şu günki ýaly ýadymda. Olaryň kalplarynda milli sungatymyzy halkymyza ýetirýän sungat işgärlerine buýsançlary çäksizdi.
Şol meşhur sungat işgärleriniň biri hem Myrat Seýitnyýazow. Biz şol wagtlar onuň adynam, familiýasynam bilmeýärdik. Ýöne ony döreden keşpleri bolan hat gatnadyjy Mergen, suratkeş Berdi, dellekçi Juma we beýlekiler arkaly tanaýardyk. Soň-soňlar men Myrat aganyň meniň atam, kakam bilen obadaşdygyny bildim we onuň kinoda, teatrda döreden gahrymanlary, döredijilik ýoly bilen has içgin gyzyklandym.
Myrat Seýitnyýazow 1915-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda demir ýol ulgamynda işleýän işçiniň maşgalasynda dünýä inýär. Çagalygyndan durmuşyň kötelli ýollaryny ýeňip geçmek üçin berlen giňgöwrümlilik, wäşilik we hoşamaýlyk oňa goltgy bolupdyr.
Durmuşda bolýan ahwalatlary ol öz deň-duşlarynyň arasynda wäşilik bilen gürrüň berip, olaryň göwnüni götermegi başarypdyr.Myradyň degişgenligi oba oglanlarynyň arasynda onuň muşdaklarynyň sanyny köpeldipdir.Ol özüniň wäşiligi bilen deň-duşlarynyň göwnüni awlap, şol döwrüň gündelik durmuşynyň agyr hupbatlaryny bilelikde ýeňip geçmekde ýardam beripdir.
Obanyň toýdur-sadakalary Myratsyz geçmändir. Ýetginjek oglanlaryň hojalyk işlerinden boşadyklary gözlegi Myrat bolup, üýşüp Artykçaýyň dag etegindäki gözel ýerinde deňňene edip, kämahal bolsa obadaky çaýhanada üýşüp, onuň täze tapan şorta sözlerini diňläpdirler, öýkünmelerine tomaşa edipdirler.
Myrat Seýitnyýazow hat-sowat öwrenmäge höwes edip, 1926-njy ýylda Kaka şäherçesindäki internata ýerleşýär. Ol ýerdäki çeper höwesjeňleriň gurnaklaryna işeňňir gatnaşyp, geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde çykyş edýär. Çeper höwesjeňler gurnagynda artistlige bolan ukyby mese-mälim ýüze çykyp, tebigy zehini şineläp ugraýar. Artyk obasynda bolşy ýaly, mekdep-internatyndaky okuwçylaryň geçirýän her bir çäresi, köpçülik oturylyşyklary hem Myratsyz geçmändir.
Ol 1929-1931-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki tejribe-görkeziji mekdebe okuwa girýär we bu ýerde doly däl orta bilime eýe bolýar. 1931-1934-nji ýyllarda bolsa ýaşlykdan höwes eden hünärini ele almak üçin Aşgabat şäherindäki Oba hojalyk institutynyň ýanyndaky işçileri taýýarlaýan okuwa girýär.
Ol bu ýerde hem öz deň-duşlary bilen çeper höwesjeňleriň gurnaklarynda çykyş edýär, okuwdan we işden boş wagtlary şäherdäki teatrda goýulýan oýunlara tomaşa edýär. Şeýlelikde, sungata bolan söýgüsi ony 4-nji ýyl talyplykdan we geljekde agronom bolmak arzuwyndan artist bolmaga alyp barýar.
Umumy orta bilimli, gözýetimi we dünýägaraýşy giň bolan Myrat teatr sungaty bilen ykbalyny baglaýar.Ol teatryň bosagasyndan 1934-nji ýylda ätläp, tä 1970-nji ýyla çenli hormatly dynç alyşa çykýança biregne Aşgabat şäherindäki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet çekýär. Şeýlelikde, ol 1926-njy ýylda Türkmenistanyň Magaryf halk komissarlygynyň rus drama teatrynyň ýanynda açylan ilkinji milli drama studiýasyny tamamlan türkmen artistleri, geljekki teatr we kino sungatynyň ägirtleri bolan Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Suraý Myradowa, Ogulgurban Durdyýewa, Galpak Herräýew, Sary Garryýew, Gulluk Hojaýew, Gulkişi Gulmyradow, Allanazar Gurbanow dagylaryň arasyna düşýär.
On dokuz ýaşly gursagy hyjuwdan doly Myrat teatrda işe başlan gününden özüne ynanylan keşpleri döretmäge tutanýerlilik, döredijilik bilen ýapyşýar.Onuň her bir döredýän ululy-kiçili keşpleri teatr sungatynyň muşdaklarynyň sylag-hormatyna mynasyp bolýar.
Eýýäm teatr sungatynda öz mynasyp ornuny tapan ussatlaryň arasynda Myrat Seýitnyýazow tebigy guýmagursak zehini bilen özüni ykrar etdirýär.Ol Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda halka hyzmat etmek bilen teatr sungatynda gaýtalanmajak, özboluşly, köpüň halan keşplerini döredip uly işleri bitirýär.
Şu ýerde onuň teatryň sahnasynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren keşpleriniň käbirini ýatlap geçsek ýerlikli bolar.Kemine spektaklynda Keminäniň, Keýmir körde Çorlynyň, Zöhre-Tahyrda Hasan bagbanyň, Derňewçide Bobçinskiniň, Korol Lirde Şutyň (wäşi), Zoraýakdan doktorda Zganareliň, Turmakda Durdynyň, Bahçisaraý çüwdüriminde Hasanyň, Watan oglunda Orazyň, Ýalan hassada Argananyň, Aýnada Geldiniň, Baý we batrakda kazynyň, Köne dostlarda Senýanyň, Gijigen söýgüde Dormedontyň, Otelloda Otellonyň, Kümüş çilim gabynda Myradyň, Çopan oglunda Berdiniň, Bagtda Ýuriniň, Günäsiz günäkärde Milowzorowyň, Allan aganyň maşgalasynda Gurbanyň, Arslanda Garataýyň keşplerini ýerine ýetirdi.
Myrat Seýitnyýazow teatrda 1947-nji ýyldan başlap aktýorlyk işi bilen režissýorlyk işini bile utgaşdyryp alyp barýar. Onuň teatr sahnasynda goýan Ýerdäki jennet, Kesekiniň kölegesi, Günortanyň gyrak çetinde, Bagt köli, Kim günäkär, Bagtly ýaşlyk, Agyryly diş atly oýunlary sahnalaşdyrylýar.
Güseýin Muhtarow bilen bilelikde goýan Allan aganyň maşgalasy atly oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar we teatra uly şöhrat getirýär.
Ol tebigy zehini, sahna ussatlygy bilen her bir döredýän keşplerine örän döredijilikli çemeleşip, özüniň ähli ukybyny bagyş edýär. Myrat aga tomaşaçyny gyzyl-gyran gülüşdirip, olarda şatlyk duýgusyny oýaryp bilýän belent adamkärçilikli adamlaryň biri bolýar.
Myrat Seýitnyýazow diňe bir teatrda ýokary çeperçilikli keşpleri we köpüň alkyşyna mynasyp bolan oýunlary sahnalaşdyrmak bilen çäklenmän, medeni çärelere hem işeňňirlik bilen gatnaşyp, köpe görelde bolýar. Kärdeşleri bilen döredijilik saparlarynda oba adamlarynyň we edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda bolup, olaryň medeniýetli dynç almaklaryny gurap, köp alkyş alýar.
Myrat Seýitnyýazowyň teatr sungatynda halkyň söýgüsini gazanyp, adygyp ugramagy bilen ony kino sungatyna hem çagyrýarlar. Ol ynanylan keşpleri ussatlyk bilen döredijilikli ýerine ýetirýär. Aşyr aganyň hötjetligindäki Berdi dellekçiniň, Çopan oglundaky suratkeş Berdiniň, Uzakdaky gelinlikdäki hat-petek gatnadyjy Mergeniň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Bu kinolaryň döredilenine 60 ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, häzir hem Myrat Seýitnyýazowyň döreden keşpleri biziň ýüregimizde ýaşaýar.
Ol dramaturgiýa, çeper terjime bilenem yzygiderli meşgullanýar. Onuň Şarpyk, Anna Nazarow bilen bilelikde ýazan Iki dogan, Allaguly Rejebow bilen bilelikde ýazan Çaknyşyk pýesalary esasynda teatrda goýlan spektakllar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Onuň teatr sungatyny ösdürmekdäki bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp ýokary baha berildi. 1944-nji ýylda oňa At gazanan artist, 1955-nji ýylda bolsa Halk artisti diýen hormatly at dakyldy. Ol Zähmet Gyzyl Baýdak ordeniniň ikisi, Edermenlikli zähmeti üçin diýen medal, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Myrat Seýitnyýazow il-gününe ýagşylyk etmek üçin doglan adamdy.Ol hassa ýatyrka-da, halk hojalygymyzyň, medeniýetimiziň ýagdaýy bilen gyzyklanypdyr.Onuň özem elmydama agzybirligiň, ýoldaşlygyň, dostlugyň, doganlygyň tarapdary boldy.
Onuň aýaly Fahriýa Alyýewa hem öz ykbalyny sungat bilen baglap, il-günüň, halkyň öňünde uly işleri bitiren zenan.Olaryň çagalary, agtyklary, çowluklary hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ak ýürekden zähmet çekip, döwlet sylaglaryna, ýagny gyzy Mähri Myradowa Watana bolan söýgüsi üçin diýen medala (1999ý.) we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada (2001ý.), beýleki gyzy Selwi Sysoýewa bolsa Watana bolan söýgüsi üçin diýen medala (1999ý.) mynasyp boldular.
Artyk obasynyň halky türkmen sungatyna we edebiýatyna bütin kalby bilen berlen, tebigy guýmagursak zehinli obadaşlaryna buýsanýarlar hem-de ony hemişe ýagşylykda ýatlaýarlar.
Halal zähmeti bilen ylym-bilimde, sungatda öçmejek yz goýan ildeşlerimizi hormat bilen ýatlaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
Türkmenmetbugatüpjünçilik
maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň
baş hünärmeni.
The post Guýmagursak zehinli ynsan appeared first on Zaman Türkmenistan.