Guwlymaýak şäherçesinde täze ýaşaýyş toplumy gurlar

Guwlymaýak şäherçesinde täze ýaşaýyş toplumy gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde Gyýanly ýaşaýyş toplumy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň energetika, gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow toplumyň gurluşyk işine başlamaga görülýän taýýarlyk işleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze Gyýanly ýaşaýyş toplumynda jemi 472 maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi gurlar. Bu taslama döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçiriler.

Şeýle hem, mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň başga-da birnäçe möhüm meselelerine, şeýle hem resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Duşenbede işewürlik gepleşiklerini geçirýär
“Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy