Guwlyduz kombinatynda 57 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

Guwlyduz kombinatynda 57 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki Guwlyduz kombinatynda 2024-nji ýylyň geçen ýedi aýynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57 müň 364 tonna golaýlady. Bu görkeziji şu ýylyň ýanwar — iýul aýlary üçin bellenilen meýilnamanyň 1,6 müň tonna artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän kombinat nahar duzunyň önümçiligini sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji bolup ýola goýan kärhanadyr.

Ýüzlerçe hünärmeniň öndürijilikli zähmet çekýän kärhanasynyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalanmagy duzçularyň gazanýan üstünliklerine aýgytly täsirini ýetirýär. Olaryň hasabat döwründe bu mukaddes önümi ýörite gaplara gaplamak babatdaky tabşyrygy 104,5 göterim amal etmekleri hem muňa aýdyň mysaldyr diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Guwlyduz kombinatynyň çäginde dürli görnüşli duz öndürýän täze önümhana gurlar
“Guwlyduz” önümçilik toplumynyň önümleri üçin halkara güwänamalar berildi
Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär
“Guwlyduz” duzuň önümçiligini artdyrýar
Guwluduzda geçen ýyl 94,6 müň tonna duz alyndy