Türkmenbaşy etrabyndaky Guwlyduz kärhanasynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir.Türkmenhimiýa döwlet konserniniň öňdebaryjy kärhanasy hasaplanýan bu kärhanada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi.
Bu görkeziji şu ýylyň ýedi aýy üçin göz öňünde tutulan tabşyrygyň 104 göterimden hem köp berjaý edilendiginden habar berýär.
Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçýän kärhanada nahar duzuny ýokary hil ülňülerine laýyklykda ýodlaşdyrmak sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji bolup ygtybarly ýola goýuldy. Munuň özi berkarar Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyna, bu derwaýys işiň dünýä nusgalyk derejede ýola goýlandygyna güwä geçýär.
Kärhananyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünlikleriniň girewidir. Gürrüňi edilýän döwürde olar bu mukaddes önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky meýilnamalaryny hem 133 göterim ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýazýar.