Guwluduzda şu ýyl 56 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

Guwluduzda şu ýyl 56 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Guwlyduz kombinatynda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän Guwlyduz kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.

Soňky ýyllarda kärhananyň maddy-tehniki binýady täze awtoulaglaryň, dürli maksatly ýörite tehnikalaryň we kämil enjamlaryň hasabyna has berkidildi. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň hem-de öndürilýän önümiň hiliniň has ýokarlanmagyna düýpli täsir etdi. Bu ýerde diňe bir şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýaraşykly gaplarda ilata ugradylan 11,3 müň tonna golaý nahar duzy dünýä ülňülerine laýyk derejede ýodlaşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Guwlyduz kärhanasynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi
Guwlyduz kärhanasynda 57,5 müň tonna duz gazylyp alyndy
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Guwlyduz kombinatynyň çäginde dürli görnüşli duz öndürýän täze önümhana gurlar
Guwlyduz kombinatynda 57 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy