Guwluduzda geçen ýyl 94,6 müň tonna duz alyndy

Guwluduzda geçen ýyl 94,6 müň tonna duz alyndy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki Guwlyduz kombinatynda geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.

Kärhananyň taýýarlan tehniki duzlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Guwluduzda şu ýyl 56 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy
“Guwlyduz” kärhanasy 48 müň tonnadan gowrak nahar duzuny gazyp aldy
Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär
“Guwlyduz” duzuň önümçiligini artdyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi