Gutusyndan çykarylmadyk ilkinji “iPhone” satyldy

Satyn alnandan bäri gutusyndan çykarylmadyk “iPhone” auksion arkaly 39 müň 500 dollara satyldy. 2007-nji ýyldan bäri saklanýan smartfon garaşylandan has ýokary bahadan ýerlendi.Apple”-iň ilkinji smartfon nesline degişli bolan mobil enjamy LCG auksion öýi satuwa hödürledi.

Bilermenler 2500 dollar başlangyç baha bilen satuwa hödürlenen telefonyň 30 müň dollara satylmagyna garaşýardylar.Hiç hili ulanylmadyk “iPhone”-yň ýady 8GB bolup, 2007-nji ýylda 599 dollara satylypdyr.

Ekranynyň ölçegi 3,5 dýuým, 2 megapiksel kamera we bir sany web skaner bilen satuwa çykarylan enjam “Apple”-iň ýolbaşçysy Stiw Jobs tarapyndan 15 ýyl ozal ilkinji gezek tanyşdyrylanda, “iPod”, telefon we internet aragatnaşygyny bir ýere jemleýändigi aýdylypdy.

Ýene degişli makalalar

Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
Ilkinji iPhone 15 ýaşady
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy saýlandy
Stiw Jobsuň gyzy kitap ýazdy