Guterriş: "Klimat weýrançylygy başlady" diýdi

Guterriş: "Klimat weýrançylygy başlady" diýdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mesele bilen baglanşykly ýazmaça beýannama berdi.

Alymlaryň gazylyp alynýan ýangyja garaşlylygyň ýetirip biljek täsirleri barada köpden bäri duýduryş berýärndiklerini aýdan Antoniu Guterriş, bar bolan aşa derejedäki howa hadysalarynyň dünýäniň çar tarapyna täsir ýetirýändigini beýan etdi.

Guterriş: "Planetamyz gaýnama tapgyryndan geçdi. Häzirki wagta çenli hasaba alynan iň yssy tomusy başyndan geçirdi. Klimat weýrançylygy başlady" diýip duýduryş berdi.

Temperaturanyň ýokarlanmagynyň has köp hereket etmek zerurlygyny getirendigini aýdan Guterriş: "Liderler klimat meselesiniň çözüwi üçin işe girişmeli. Häzirki wagtda hem klimat krizisiniň iň erbet sepgidine ýetmeginiň öňüni alyp bileris. Ýitirjek wagtymyz ýok" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy
Guterriş: "Bu elhençlik bes edilmeli" diýdi
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy